«Samson Sky» atly amerikan kompaniýasynyň işläp taýýarlan uçýan sport ulagynyň synag sürüşinden geçendigi mälim edildi.
«Samson Sky Switchblade» atly ulagdan eýýäm 2 müň 300-den gowragy sargyt edilipdir. Ulag Waşington ştatyndaky «Grant County» halkara howa menzilinde uçuş synagyndan geçirildi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy we ulagyň dizaýneri Sem Busfild ulagy işläp taýýarlamak üçin 14 ýyl zähmet çekendiklerini aýdýar.
Ulagyň synag uçuşyny tejribeli uçarman Robert Mohl ýerine ýetiripdir. Mohl ulag bilen 152 metr belentlige galyp, alty minutyň dowamynda birnäçe öwrümler edip ýere gonupdyr.
Uçýan ulag bilen gara ýol arkaly 10 sagatda barylýan ýere
3,5 sagatda barlyp bilinjekdigi bellenilýär. Ýerde hem sürlüp bilinýän bu ulagyň bahasynyň 170 müň dollar boljakdygy çaklanylýar. Ýerde sürlende bu ulag üç tigirli motosikl hasaplanar. «Switchblade» ýerde sagatda 200 kilometr, howada sagatda 322 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Ulagyň guýrugy we ganatlary uçuljak wagty çykarylýar, ýerde sürlende ýygnalýar.
Pena TOÝLYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.
PDF









