Jana şypaly miweleriň biri bolan üzüm asyrlarboýy saçagymyzyň bezegi bolup gelýär. Çyrmaşyk agaçda bitýän salkymly miweden terligine iýilmek bilen bir hatarda, kişmiş, mürepbe, şerbet we toşap taýýarlanýar. Hünärmenler witaminleriň, minerallaryň we tebigy şekeriň çeşmesi bolan üzüm toşabynyň saglyk üçin örän peýdalydygyny belleýärler.
Immuniteti güýçlendirýär. Üzüm toşabyndaky antioksidantlar bedeni erkin radikallardan goraýar. Şeýle hem immuniteti güýçlendirip, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Gyş aýlarynda sowuklamanyň we dümewiň öňüni almak üçin üzüm toşabyny içmeli.
Iýmit siňdirişi ýeňilleşdirýär. Üzüm toşabyndaky organik kislotalar iýmit siňdirişi ýeňilleşdirip, aşgazany rahatlandyrýar. Şeýle hem içegäniň hereketini kadalaşdyryp, iýmit siňdiriş, iç gatama bilen bagly meseleleri aradan aýyrýar.
Ganazlyga garşy göreşýär. Demre baý üzüm toşaby ganazlykdan ejir çekýänler üçin maslahat berilýän tebigy melhemleriň biridir. Üzüm toşabyny her gün 1-2 nahar çemçeden yzygiderli içmek gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrýar we gan öýjükleriniň täzelenmegine ýardam edýär. Esasan hem, çagalara we zenanlara üzüm toşabyny içmek maslahat berilýär.
Bedeni kuwwatlandyrýar we ýadawlygy aýyrýar. Üzüm toşabynda köp mukdarda glýukoza we fruktoza bar. Bu maddalar bedende çalt energiýa öwrülip, adama güýç berýär. Irden üzüm toşabyny içmek günüňi energiýa bilen başlamaga we önjeýli işlemäge ýardam edýär.
Süňk we diş üçin peýdaly. Üzüm toşabynyň düzüminde ýeterlik derejede kalsiý we magniý saklanýar. Bu minerallar süňküň we dişiň kadaly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, bogunlarda döreýän käbir töwekgelçilikleri azaltmaga ýardam edýär.
Hünärmenler her gün 1-2 nahar çemçe üzüm toşabyny içmegi maslahat berýärler. Süýji we goýy iýmiti aşa köp mukdarda içmek aşgazan-içege ulgamyna, gandaky şekeriň mukdaryna oňaýsyz täsir edýär. Üzüm toşabyny gyzdyryp içmek, kekslere goşup, gaýtadan bişirmek maslahat berilmeýär.
PDF








