Merdana pederlerimiziň hiç haçan öçmejek şöhraty, zähmet edermenligi, gaýduwsyz gahrymanlygy, bagtyýar günlerimiziň hatyrasyna bitiren asylly işleri dogrusynda oýlananyňda Gündogaryň beýik danasy akyldar Abulkasym Ferdöwsiniň şeýle setirleri ýadyňa düşýär.
Dünýäde ähli zat garylar çaňa,
Diňe iki zat kär etmez oňa,
Gahrymanyň işi, dananyň sözi,
Asyrdan asyra äkider bizi.
Hakykatdan hem ýaşaýyşda beýik işler müdimi galýar, parasatly sözler il içinde adygýar. Il günüň ar-namysyna, Watanyň bähbidine gezek gelende, Watan üçin şirin janyny orta goýan 1941-1945-nji ýyllaryň gazaply urşunda edermenligiň nusgasyny görkezen pederlerimiziň batyrlygy indi 80 ýyl bäri bagtyýar nesillerimiziň hakydasyndan öçenok.
Türkmen halkynyň taryhynda iň hasratly ýyllar bolup geçen 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda söweşen gahrymanlaryň hatyrasy asuda, parahat diýarda ýaşaýan halkymyz tarapyndan sarpalanýar. Şol gazaply uruş ýyllarynda türkmen ýigitlerimiz janyny orta goýup ata Watanyny goradylar. Ene topragymyzyň parahatlygy, erkinligi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň ýanbermez we ýeňilmez ruhlary ägirt uly güýje öwrülip, bize geçmişimizi, şu günümizi, gelejegimizi gözümiziň göreji ýaly gorap saklamaga çagyrýar. Faşizime garşy barlyşyksyz söweşlerde türkmen gerçekleriniň görkezen taýsyz edermenligi bagtyýar nesillerimiziň ýüreklerinde ebedi ýaşaýar.
Türkmen gerçekleri söweş meýdanynda edermenligiň, batyrlygyň, mertligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Urşuň ýowuz ýyllarynda tylda galan ak saçly enelerimiz, mähriban gelin-gyzlarymyz hem gaýratly zähmet çekdiler. Olar tylda galyp, söweşýän esgerler üçin gijelerini gündiz edip ekin ekip, suw tutup, döwek döwüp, ýüňden ellik, jorap örüp, egin-eşik tikip fronta ugratdylar. Ähli kynçylyga döz gelip, janlaryny aýaman zähmet çekdiler. Her ýylyň 9-njy maýynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan beýik Ýeňşiň baýramyny uly dabara bilen belläp geçýäris. Bu ýeňişde türkmenistanly gerçekleriň hem ägirt uly goşandynyň bardygy biziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Ganym urşuň gutaryp beýik ýeňşiň gazanylanyna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 80 ýyl boldy. Şonuň bilen bagly geçirilýän dabaralar ýurdumyzyň ähli ýerini gurşap aldy. Her ýyl ýeňiş baýramçylygy mynasybetli edara-kärhanalarda, mekdep okuwçylarynyň arasynda duşuşyklar guralýar. Türkmen gerçekleriniň söweşde görkezen edermenligi, gazaply uruş ýyllarynda ata-babalarymyzyň görkezen gahrymanlygy, zähmet edermenligi dogrusynda täsirli çykyşlar edilýär.
Ynha, bu gün hem Köneürgenç şäheriniň “Baky alaw” ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Dabara il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, halk köpçüligi gatnaşyp, ýadygärlige ter gül desselerini goýdular. Ýurdumyzda uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galan kümüş saçly enelerimize goýulýan belent sarpa Watan mukaddesliginiň beýik nyşanydyr. Şeýle mukaddes işleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.