Häzirki döwürde eziz Watanymyz Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýan döwletdir. Bitarap döwletimizde Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan abraýly halkara guramalarda möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp gelýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz kabul edilen Kararnamalary durmuşa geçirmek boýunça halkara derejedäki çärelere işjeň gatnaşýar. Ýaňy-ýakynda, has takygy, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinden Garaşsyz ýurdumyza buýsandyryjy habar gelip gowuşdy. Bu mejlisde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda we Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň gyzykly görnüşi bolmak bilen, beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär. Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär.
2018-nji ýylda Milletler Bileleşiginiň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hödürlendi. Bu bolsa dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada ýurdumyzyň öňe sürýän syýasatynyň doly ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologiýa abadançylygyny wagyz etmek baradaky çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda bolsa Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Bu iki çäräniň hem «Ginnesiň rekordlar kitabyna» girizilendigini belläsimiz gelýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi bolup durýar. Halkymyzy ýurdumyzyň at-abraýyny halkara derejede belende göterýän bu möhüm ähmiýetli wakalar mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys! Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwletiň çykyş etmegi bolsa bu wakanyň ähmiýetini has-da artdyryp, ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi wagyz etmegiň we onuň jemgyýetçilik ulag ulgamyna girizilmeginiň halkymyz tarapyndan giňden goldanylýandygyny görkezýär.
Döwletmyrat Orazmyradow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.