Portugaliýa welosiped öndürmekde Ýewropa ýurtlarynyň arasynda öňe saýlanýar. Ýewropanyň statistika gullugy «Eurostat»-yň habaryna görä, geçen ýyl bu ýurtda iki tigirli ulag serişdeleriniň 2,5 milliondan gowragy öndürilip, olaryň hemmesi diýen ýaly eksport edilipdir. Bilermenleriň aýtmagyna görä, önümçiligiň häzirki depgini ýurdy Italiýa we Germaniýa ýaly esasy welosiped öndürijileriň hataryna çykarar.
– 2018-nji ýylda kompaniýa, takmynan, 3 million ýewro gazanan bolsa, 2019-njy ýylda 50 million ýewro gazandy. Bu gaty uly ösüşdir. Geçen ýyl pandemiýa hem-de önümçilik üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarymyzyň gelip ýetişmändigi sebäpli satuw belli bir derejede azalyp, takmynan, 36-37 million ýewro deň boldy – diýip, eksport boýunça dolandyryjy Filipe Mota aýtdy.
Dolandyryjynyň sözlerine görä, bu ýyl kompaniýa has köp girdeji gazanyp biler. Geçen ýyl açylan zawod ýylda 250 müň welosiped öndürmek üçin niýetlenendir, ýöne kompaniýa daşary ýurtlardan getirilýän zerur ätiýaçlyklaryň ýetmezçiligi sebäpli munuň ýarysyna golaýyny öndürmegi meýilleşdirýär.
Maglumatlara görä, logistika meseleleriniň 2023-nji ýyla çenli çözülmegine garaşylýar. Bu welosiped önümçiligi pudagynda işleýän 8 müň portugaliýaly welosiped işgäri üçin ruhlandyryjy habardyr.
Ýewropadaky iň uly welosiped zawody Portugaliýanyň demirgazygyndaky Wila-Nowa-di-Gaýada ýerleşýär. Bu ýerde içerki bazar üçin diňe 5%-i ýygnalyp, galan 95%-i, esasan, Fransiýa, Ispaniýa we Polşa ýaly ýurtlara eksport edilýär.