Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sporty ösdürmäge ägirt uly üns berýär. Raýatlaryň saglygyny berkitmegine, köpçülikleýin sportuň wagyz edilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler giň gerime eýe bolýar. Garaşsyz Watanymyz soňky ýyllarda iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, ýurdumyz sebitde we dünýäde sport ýurdy hökmünde abraýyny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzda gysga döwürde amala aşyrylan asyrlara barabar işleriň hatarynda sportuň beýik ösüşleri, maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi we giňişleýin wagyz edilmegi dünýä nusgalykdyr.

Welosiped sportuny köpçülikleýin ösdürmek, iri ýaryşlary guramak babatda döwletimiz baý tejribe toplady. Şonuň ýaly-da, welosiped sportunyň ähmiýetini wagyz etmek babatda Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky mertebesi barha ýokarlanýar. Dünýäniň sport giňişliginde sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, daşky gurşawyň ýagdaýyna jemgyýetiň jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga çagyryş bilen çykyş etmekde eziz Watanymyzyň başlangyçlarynyň ähmiýeti hakynda bellemek gerek. Munuň şeýledigini 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi esasynda “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi doly tassyklaýar. Dünýäniň 62 döwleti bu wajyp halkara resminamasynyň awtordaşy hökmünde çykyş etdi.

Bu wajyp halkara ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi häzirki halkara jemgyýetçiliginiň ösüş ugurlaryny ileri tutýan, Durnukly ösüş maksatlaryny nazarlaýan ýurdumyzyň başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň, Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ugurda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça oňyn tejribe toplandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Mundan başga-da, Bitarap Watanymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany bellemek maksadalaýyk bolar. Munuň özi dünýä senenamasynda özboluşly, halkara welosiped baýramçylygynyň döremegini şertlendirdi. Indi birnäçe ýyl bäri halkara bileleşik bilen bilelikde bellenilýän bu baýram ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi saýlaýanlaryň millionlarçasyny bir ýere jemleýär.

Bu günki gün ýaşlaryň arasynda welosiped sporty bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşini sazlaşykly ösdürmäge, bar bolan düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, welosiped sporty bilen giň köpçüligiň meşgullanmagyny ýola goýmaga gönükdirilen Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde welosiped sporty yzygiderli ösdürilýär. Bu Maksatnama döwlet tarapyndan halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň geriminiň giňeldilmegi, sport ulgamynyň ösdürilmegi, ýaşlaryň döwrebap terbiýelenmegi ugrundaky işlere möhüm ähmiýet berilýär.

Welosiped sporty ýokary depginli we çekeleşikli bolup, ýekeleýin we toparlaýyn ýaryşlary öz içine alýar. Sportuň bu görnüşi türgenlerden ýokary tizligi, çydamlylygy we güýç-gaýraty talap edýär. 2018-nji ýylda Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosiped sporty sapagynyň hem-de 2019-njy ýylda Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda geçirilen bir ugur boýunça dowamly welosiped ýörişi dünýä rekordy hökmünde hasaba alnyp, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Mälim bolşy ýaly, sportuň ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosport jemgyýetimizde uly gyzyklanma eýe bolýar. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda sportuň bu görnüşi boýunça giň möçberli ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda welosport görnüşini ösdürmek bilen bir hatarda jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli welosipedli ýörişleriniň yzygiderli geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde halk köpçüliginiň, esasan hem, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine işjeň çekilmeginde aýratyn möhüm ähmiýetli bolup durýar. Sportuň ähli görnüşiniň hem ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri bimöçberdir. Welosiped sporty bolsa, bu medeniýetiň birnäçe böleklerinden durýan tutuş bir sungatdyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda sportuň bu görnüşini ösdürmek arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sporty beden hem-de ruhy kämilligiň çeşmesine öwürmek, zyýanly endikleri ýok etmek, bu ugurda zehinli türgenleri ýüze çykarmak hem-de olary taýýarlamak babatda çäreleriň giň toplumy amala aşyrylýar.

Umuman, parahatçylygyň we dostlugyň ýurduna öwrülen Eziz Watanymyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler halkymyzy juda buýsandyrýar. Bu bolsa jemgyýetde sport bilen bedenterbiýäniň sazlaşykly kemala gelmegine getirýär.

Gyzylgül Paltaýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy