Litwa Respublikasynyň Parlamenti (Seým) sişenbe güni Mindaugas Sinkýawiçýusy ýurduň Premýer-ministri wezipesine tassyklady. Ol 2024-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynda sosial-demokratlar partiýasynyň ýeňiş gazanmagyndan soň, parlamentiň häzirki çagyrylyşynda bu wezipä bellenilen üçünji sosial-demokrat boldy. Täze hökümet Baştutany dolandyryjy koalisiýanyň düzümindäki özgertmelerden soň golaýda wezipesinden çekilen Inga Ruginenäniň ornuna geçdi. Ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, 42 ýaşly syýasatçynyň täze Hökümet kabinetini kemala getirmek we hökümet maksatnamasyny taýýarlamak üçin 15 gün möhleti bolup, taýýarlanjak resminamalar Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda bilen ylalaşylmalydyr hem-de Seým tarapyndan tassyklamalydyr.
Parlamentiň öňünde çykyş eden Mindaugas Sinkýawiçýus jemgyýeti agzybir etmäge, halky diňlemäge we batyrgaý çözgütleri kabul etmäge çalyşjakdygyny aýratyn belledi. Täze Premýer-ministriň syýasy durmuşy Ionawa şäheri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ol 2011-nji ýyldan bäri bu şäheriň häkimi wezipesinde zähmet çekip gelýär. Mundan başga-da, ol 2016-njy ýylda Litwanyň Ykdysadyýet ministri wezipesinde hem gysga wagtlaýyn işläpdi. Ýurtda häkimiýet ugurlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä ýetirmäge we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen bu täze belleniliş Litwanyň içeri syýasatyndaky möhüm tapgyrlaryň biri hökmünde baha berilýär.
PDF









