Norwégiýanyň günortasyndaky Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda wikingler döwrüne degişli 4 müň 772 sany kümüş teňňe tapyldy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, biziň eýýamymyzyň 1050-nji ýyllaryna degişli bolan bu rekord derejedäki hazyna ýurduň taryhynda şu wagta çenli tapylan iň uly teňňe toplumy bolup, ol taryhçylaryň we arheologlaryň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi ozal bu sebit wikingler döwrüniň möhüm merkezi hasaplanmaýardy.
Professor Sweýn Harald Gullbeggiň we arheolog Meý-Towe Smisetiň berýän maglumatlaryna görä, tapylan teňňeleriň agramly bölegi wikingler eýýamynyň soňky döwrüne degişli bolup, Germaniýada we Angliýada zikgelenipdir. Wikingler döwründe adamlaryň öz baýlyklaryny ogrulardan, uruşlardan goramak ýa-da dini ynançlar sebäpli toprak astyna gizlemegi adaty ýagdaý hasaplanypdyr. Tapylan teňňeleriň şol döwrüň ölçeglerine görä bütin bir hojalygy satyn almaga ýetjek uly serişdedigini aýdan bilermenler, bu gymmatlyklaryň deri haltajyga salnyp gömülendigi we ýerasty suwlaryň, daşlaryň azlygy sebäpli şu güne çenli gaty gowy saklanandygy baradaky netijä geldiler. Tapyndy ilki bilen höwesjeň metal gözleýjiler tarapyndan ýüze çykaryldy we soňra sebitde hünärmen arheologlaryň gatnaşmagynda giň gerimli işler alnyp barlyp, barlaglar Wikingler döwrüniň muzeýi tarapyndan hem tassyklanyldy. Geljekde bu meýdançada gadymy binalaryň galyndylaryny we beýleki taryhy yzlary ýüze çykarmak maksady bilen ylmy-gazuw işlerini dowam etdirmek meýilleşdirilýär.
PDF









