Gyş paslynda iň köp iýilýän miweleriň biri hem kiwi bolup, saglyk üçin peýdaly witaminleri özünde jemleýär. Ata Watany Hytaý hasaplanýan bu miwäniň düzüminde C we K witamini hem-de köp mukdarda süýüm saklanýar. Açyk ýaşyl reňkli bu miwäniň 50-den gowrak görnüşi bolup, esasan, iýmit siňdiriş ulgamyna peýdalydygy bilen tapawutlanýar. Kiwiniň düzümindäki K witamini bedeniň madda alyş-çalşygyny we kalsiniň derejesini kadalaşdyrýar. Bedeniň mis ýetmezçiliginiň öňüni almakda hem peýdaly bolan kiwi immuniteti güýçlendirip, dümewe we sowuklama garşy göreşmäge ýardam edýär.
Gyş paslynda, esasan, C witamini ýetmezçilik edýär. Her gün 2-3 sany kiwi iýmek bilen beden üçin zerur bolan C witamini alyp bolýar. Bu miwäni terligine iýmek bilen bir hatarda, dürli işdäaçarlara hem goşup bolýar. Etden taýýarlanýan tagamlara kiwi goşulanda, çalt hem ýumşak bişýär. Turşumtyk miwäniň düzüminde şekeriň hem bardygy, şeýle hem aşgazan agyrysyna sebäp bolýandygy sebäpli köp iýmek maslahat berilmeýär. Bilermenleriň bellemegine görä, kiwi göz üçin peýdaly iň gowy miweleriň biridir.
Gyzykly maglumatlar
Kiwä hytaýça «Yang Tao» diýilýär. Bu miwe Täze Zelandiýada ýaşaýan ganatsyz guşa meňzeýändigi sebäpli, 1950-nji ýyllarda marketingde «kiwi» diýlip atlandyrylyp başlanýar.
Kiwiniň içi ýaşylymtyl görnüşinden başga-da, iýilýän bölegi altynsow we gyzyl reňkli süýji görnüşleri hem bar.
Kiwide pyrtykala görä, has köp mukdarda C witamini saklanýar.
Kiwiniň düzümindäki kaliý we süýüm banandaky bilen deňdir.
Käbir ýurtda kiwini gabygy bilen iýýärler. Kiwiniň garaja çigidinde Omega-3 ýag kislotasy saklanýar.
Kiwi ýolnandan soň hem bişmegini dowam edýär.
PDF









