Fi­lip­pin de­ň­zi­niň or­ta­ra­syn­da, To­kio­dan, tak­my­nan, 350 ki­lo­metr gü­nor­ta­da, Ýa­po­ni­ýa­nyň iň çe­tin­de ýer­leş­ýän Ao­ga­si­ma ada­sy te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň bi­ri­dir. Kra­te­riň için­de ýer­leş­ýän tä­sin ýa­şa­ýyş mer­ke­zi­ne ba­ra­nyň­da, bu ýe­riň gö­zel­li­gi­ne haý­ran gal­ýar­syň. Köp­le­r tarapyndan «wul­ka­nyň için­de wul­kan» di­ýip at­lan­dyr­ylýan bu ada­­nyň tut­ýan meý­da­ny 8,75 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar.
Ýu­waş um­ma­ny­ň güýç­li aky­myn­da ýer­leş­ýän Ao­ga­si­ma ada­syn­da iş­jeň wul­ka­nyň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, tak­my­nan, 160 adam ýa­şa­ýar. Ýaponiýadan has uzak­da­ky bu ada­da te­bi­ga­tyň asu­da saz­la­şy­gy hö­küm sür­ýär. Ýer­li ilat di­ňe kra­te­riň için­de mesgen tutmak bi­len çäk­len­män, eý­sem, peý­za­žyň mer­ke­zin­de eme­le ge­len ikin­ji ki­çi kra­ter (iş­jeň wul­kan) bi­len bi­le ýa­şa­ýar. Ada­da wag­tal-wag­tal tä­ze wul­kan atyl­ma­la­ry­nyň dö­re­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, adamlar gö­zel te­bi­gat­da ýa­şa­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. Ao­ga­si­ma ada­syn­da ýe­riň as­tyn­dan çyk­ýan gyz­gyn suw iç­mek we aş­ha­na hyz­mat­la­ry üçin ula­nyl­ýar. Ila­tyň esa­sy iý­mi­ti ba­lyk we de­ňiz önüm­le­ri bo­lup, gök önüm­ler ýur­duň beý­le­ki ýer­le­rin­den ge­ti­ril­ýär. Ada­nyň ila­ty eke­ran­çy­lyk we mal­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýar. Wul­ka­nyň için­dä­ki wul­kan ada­syn­da iri şahly mallaryň, öý we ýa­ba­ny guş­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi duş gel­ýär. Bu ýer­de ýe­ral­ma we kä­bir bak­ja ekin­le­ri çäk­li möçberde ekil­ýär.
Daş-tö­we­re­gi dik ga­ýa­lar bi­len gur­şa­lan içi oýuk ada ýet­mek üçin um­man­da­ky bir­nä­çe kyn­çy­lyk­dan geç­me­li bol­ýar. Ada pa­rom ýa-da di­ku­çar ar­ka­ly ba­ryp bol­ýar. Um­man­dan öwüs­ýän güýç­li şe­mal, tol­kun­la­ryň ur­gu­sy ada­da ada­ty bol­ma­dyk ho­wa şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär. Wul­kan ada­sy­nyň ýa­şaý­jy­la­ry de­ňiz su­wu­ny wul­ka­nyň gyz­gyn­ly­gy bi­len bu­gart­mak ar­ka­ly hing­ýa du­zu­ny ön­dür­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, sýot­ýu spir­ti hem ön­dü­ril­ýär.
Uzak­da ýer­leş­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Ao­ga­si­ma ada­sy To­kio şä­her hä­kim­li­gi­ne de­giş­li­dir. Ada seý­rek ýag­daý­da sy­ýa­hat­çy­lar hem bar­ýarlar. Bu ýer­däki gyz­gyn suw­ly te­bi­gy ham­mam­da ýu­wun­mak, ag­şa­my­na ýyl­dyz­la­ry has ýa­kyn­dan syn­la­mak hem-de ýa­şyl dag ga­ýa­la­ryn­da ge­ze­lenç et­mek iň gy­zyk­ly güý­men­je­ler ha­sap­lan­ýar. Ýaşyl ada te­bi­gat­da ra­hat dynç al­ma­gy ha­la­ýan­lar üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir.