Golaýda ÝUNESKO-nyň «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek» hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we keşbi dünýä saz medeniýetinde» ady bilen ýurdumyzyň ýaş kompozitorlarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Bäsleşiginiň eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, 1-nji orna Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Begmyrat Hudaýberdiýew, 2-nji orna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Kerim Jumagulyýew, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Saparmyrat Baýlyýew, 3-nji orna Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwletgeldi Hanow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Aman Akmyradow mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Diplomy we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň ýörite fortepiano bölüminiň okuwçysy Tylla Şirowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Nurmuhammet Jomartow, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Tylla Sätiýewa, Lebap welaýatynyň Saýat etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nowruz Täjow dagy Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.