Dürli ölçeglere görä, dünýäniň ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň sanawy mälim edildi. «Global Cities Index»-iň taýýarlan reýtinginde Fransiýanyň Grenobl şäheri öňdeligi eýeledi. Alp daglarynyň etegindäki şäher ylmy barlaglaryň hem geçirilýän ýeri hökmünde tanalýar. Tebigy gözellikleri, dünýä belli ýokary okuw mekdepleri we daşky gurşawa zyýansyz syýasaty bilen tapawutlanýan Grenobl ýaşaýyş üçin iň amatly şäher saýlandy. Şäherde ýaşaýjylaryň girdejileriniň deňagramlydygy, ösen internet infrastrukturasynyň bardygy bellenildi. Asma ýol arkaly şäheri guşuçar belentlikden synlap bolýar. Tebigatyň jümmüşindäki şäherde birnäçe kilometre ýetýän welosiped ýodalary hem bar. Ikinji orny Kanberra (Awstraliýa), üçünji ýeri Bern (Şweýsariýa) eýeledi. Ilkinji onluga Bergen (Norwegiýa), Bazel (Şweýsariýa), Lýuksemburg (Lýuksemburg), Reýkýawik (Islandiýa), Sýurih (Şweýsariýa), Gent (Belgiýa) we Nant (Fransiýa) girdi.
Enejan Agamyradowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









