Tomus – täsin hem sahawatly pasyl. Bu pasyl özüniň çogly Güneşi bilen bize bereketli topragymyzda biten datly miwelerdir gök önümleri eçilýär. Tomus bagtyýar çagalaryň hem özüne mahsus hezilliklere beslenýän döwrüdir. Okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen çagalara dynç alyşlaryň, täze täsirleriň, gyzykly pursatlaryň gapysy giňden açylýar. Çagalaryň şadyýan sesleri tomsuň iň owadan sazyna meňzeş. Çünki çaganyň gülküsi dünýäniň päk owazydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bezegi, ömrümiziň manysy bolan bagtyýar çagalarymyzyň gülki sesleri bagtyýarlygyň nyşanyna öwrülip, ebedi ýaňlanyp duran ýurdumyz baky bagtyň mekanydyr. Ynha, ömrümiziň gül-gunçasy bolan körpeje nesillerimiz üçin hezilligiň, deňiz tolkunlary bilen kowalaşyp oýnamagyň, durnagöz çeşmeleriň başynda, salkyn jülgeleriň jümmüşinde dynç almagyň döwri başlandy. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi diňe bir Gökderede ýa-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda däl-de, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem ýokary derejede guralýar. Çagalar tomus agşamlarynda hezil edip biri-biri bilen ýaryş gurap oýnaýarlar, arassa howada gezelenç edýärler. Şeýlelikde, olara her güni ýakymly täzeliklerden doly tomus pasly ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlaýar.
Çagalar – dünýämiziň, durmuşymyzyň bezegi, ýaşaýşymyzyň özeni. Watanymyzda çagalaryň her güni bagta beslenýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyşlaryny ýokary derejede geçirmek ugrunda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, sport meýdançalary, medeni ojaklar ýaş nesliň sagdyn, bilimli we ruhubelent bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladanyň nyşanydyr. Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä derejesine laýyk gelýän häzirki zaman seýilgähler, suw-sport toplumlary ösüp gelýän ýaş nesle hyzmat edýär. Çagalar şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwrebap dynç alýarlar. Ýaş nesiller ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde öz deň-duşlary bilen wagtlaryny hoş geçirýärler. Çagalar hakyndaky alada türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgesidir. Şeýle asylly ýörelgä esaslanyp, häzirki wagtda olaryň sagdyn ösmeklerine, wagtlaryny peýdaly geçirmeklerine üns berilýär. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerindäki dynç alýan çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli amatly şertler döredilen. Dynç alýan çagalaryň arasynda dürli görnüşli sport ýaryşlary, döredijilik we zehin bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Çagalar her bir oýunda özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň tomus paslynyň ýetip gelmegi bilen, ýurdumyzyň çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi uly şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýär. Möwsümiň dowamynda ýaş nesilleri hünärlere ugrukdyrmak we durmuşa taýýarlamak maksady bilen, hünär hem-de aýdym-saz gurnaklary hereket edýär. Çagalaryň daşary ýurt dilleri, kompýuter sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrmak, ýazyjy-şahyrlar, ussat medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary, döwrebap kärhanalara, tebigatymyzyň gözel ýerlerine, muzeýlere, taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak işleri hem alnyp barylýar. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almak arkaly täze deň-duş oglan-gyzlar bilen tanyşýarlar, dostlaşýarlar, okuw sapaklaryndan öwrenen hem bilýän zatlaryny paýlaşyp, dünýägaraýyşlaryny giňeldýärler. Şeýle-de pederlerimiziň ündeýşi ýaly, çagalara kiçiliginden zähmet terbiýesi hem berilýär. Türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözel künjeginde dynç almaklary ýaş nesliň tebigat we daşky gurşaw bilen utgaşykly ösüp-ulalmagy üçin möhüm şert bolup durýar.
«Arzuwlaryň hasyl bolýan mekany» diýip at alan Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesliň wagtyny manyly geçirmegi üçin uly alada edilýär. Çagalar hakynda atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza, ýaş nesiller üçin şeýle uly mümkinçilikleri döredýän Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Oguljennet MOMODOWA,
Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
PDF








