UEFA Ýaşlar Ligasynyň şu möwsüminde çempion Ispaniýanyň “Barselona” topary boldy. “Barselona” topary finalda Türkiýäniň “Trabzonspor” klubundan 4-1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda ýaş katalonlaryň adyndan Diarra (11, 68), Kuenka (18) hem-de Alba (57) tapawutlandy. Çempionlar ýodasy esasynda ýaryşa goşulan türk klubunyň ýeke-täk pökgüsini 88-nji minutda Tibukoglu (88) geçirdi.
Şeýlelikde, “Barselonanyň” ýaşlar topary bu kubogy 2014-nji we 2018-nji ýyllardan soň 3-nji gezek eýelemegi başardy. “Barselona” bu kubogy iň köp eýelän klub boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşda UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşýan klublaryň U19 düzümi (19 ýaşa çenli futbolçylary) çykyş edýär. Ikinji gezek 2014/15 möwsüminde geçirilen ýaryşda “Barselonadan” soň iň köp “Çelsi” kluby çempionlyk gazandy. 2 gezek finalda utulan londonlylar 2 saparam ýeňiji boldy. 3 sapar finalda asgyn gelen “Benfika”, “Red Bull Salsburg”, “Porto”, “Real Madrid”, AZ hem-de “Olimpiakos” klublary-da 1 gezek kubogy eýelediler.
Ýaryşyň final duşuşygy UEFA-nyň merkezi edara binasynyň ýerleşýän Şweýsariýanyň Nion şäherindäki “Colovray” stadionynda oýnalýar.