Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak ministrligi gaýtadan dikeldilýän energiýa geçirşi çaltlandyrmak üçin täze maksatnama taýýarlady. Maksatnamada ýurtda sarp edilýän elektrik energiýasynda arassa energiýa çeşmeleriniň paýynyň 2030-njy ýyla çenli 80 göterime ýetirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýewropanyň iň köp energiýa sarp edýän ýurt bolan Germaniýada häzriki wagtda elektrik energiýasynyň 40 göterimini arassa çeşmelerden alynýar. Ýurt mundan ozal 2030-njy ýylda çenli bu görkezijini 65 göterime ýetirmegi maksat edinýärdi. Täze maksatnamada deňizlerdäki ýel turbinalarynyň gurluşygynyň artdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ýurtda binalardaky energiýa netijeliligi we gatnaw pudagynda ýyladyşhana gazlarynyň azaldylmagy üçin hem kanun taslamasynyň taýýarlanmagyna garaşylýar.