Hy­ta­ýyň Tak­la­ma­kan çö­lü­niň tö­we­re­gin­de dö­re­dilen «ýa­şyl gu­şak» mak­sat­na­ma­sy oňyn ne­ti­je ber­di. Ge­çi­ri­len soň­ky bar­lag­lar uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­di­len çö­lüň tö­we­re­gin­dä­ki agaç­lyk zo­la­gyň ho­wa­dan köp muk­dar­da ug­le­ro­dy özü­ne siň­dir­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy. Bu bol­sa, aşa gu­rak ho­wa­nyň adam eli bi­len dö­re­di­len to­kaý zo­la­gy ar­ka­ly ýum­şa­dy­lyp bi­lin­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär. Tak­la­ma­kan çö­li 337 müň ine­dör­dül ki­lo­metr tö­we­re­gi meý­da­ny eýe­le­ýär. Çö­lüň da­şyn­da­ky dag ge­riş­le­ri ýy­lyň do­wa­myn­da uzak wagt­lap çyg­ly­ly­gyň öňü­ni al­ýar. Bu bol­sa, ol ýer­de flo­ra­nyň dö­re­me­gi­ne päsgel berýär.
1978-nji ýyl­da çöl­leş­mä­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len, çö­lüň gy­ra­la­ry­na agaç na­hal­la­ry otur­dy­lyp baş­lan­dy. Hä­zi­re çen­li ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da 66 mil­liard düýp agaç we gy­rym­sy agaç na­hal­la­ry otur­dyl­dy. 2024-nji ýyl­da Tak­la­ma­kan çö­lü­niň daş-tö­we­re­gi do­lu­ly­gy­na to­kaý­laş­dy­ryl­dy. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de bu tas­la­ma­nyň gum alaň­la­ry­nyň süýş­me­gi­niň öňü­ni alan­dy­gy, ýurt­da to­kaý zo­la­gy­nyň 25 gö­te­ri­me ýe­ten­di­gi anyk­lan­dy. Maglumatlara görä, 1949-njy ýyl­da ýur­duň 10 gö­te­ri­mi­ni to­kaý zo­lak­la­ry eme­le ge­tir­ýän eken.

Tyllagözel Babaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.