Ýene bir ýyldyz oýunçy Saud Arabystanyna transfer boldy

144

Soňky aýlarda transfer gürrüňleriniň merkezine öwrülen Saud Arabystanynyň çempionatyna ýene bir ýyldyz oýunçy goşuldy. Transfer ediljekdigi ozaldan belli bolan “Çelsiniň” fransiýaly ýarymgoragçysy N’Golo Kante “Al-Ittihad” toparyna geçdi. “Çelsi” bilen şertnamasy tamamlanan 32 ýaşyndaky oýunçy arap klubunda 2027-nji ýyla çenli çykyş eder. Ol täze klubundan ýyllyk 25 million ýewro hak alar. Mälim bolşy ýaly, “Al-Ittihad” Kanteden öňem onuň milli ýygyndydaky topardaşy Karim Benzemany transfer edipdi. Kante “Çelside” 7 ýyl çykyş edip, ol londonlylar bilen 7 kubok gazanypdy. Şolaryň arasynda Angliýanyň çempionlygy, UEFA Çempionlar Ligasynyň, Ýewropa Ligasynyň çempionlyklary hem bar.