Ýeňiji Londonda belli bolar

85

UEFA Çempionlar ligasynda ýarym finalyň oýunlaryna badalga berildi. Birinji duşuşyklaryň ilkinjisi Madridde oýnalyp, ýerli “Real” Angliýanyň “Çelsi” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşygyň 14-nji minutynda myhmanlaryň amerikaly futbolçysy Kristian Pulişiç hasaby açdy. Ispanlaryň bu gola jogaby gijikmedi. 15 minutdan soň, has takygy, 29-njy minutda Karim Benzema owadan urgy bilen hasaby deňledi. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy.

* Bu duşuşyk “Real Madridiň” UEFA-nyň bu ýaryşyndaky 450-nji oýny hökmünde hasaba alyndy.

* Kristian Pulişiç bu ýaryşyň ýarym finalynda gol geçiren ilkinji amerikaly futbolçy boldy.

* Çempionlar ligasyndaky 71-nji goluny geçiren Karim Benzema bu ugurda Raul Gonzales bilen deňleşip, 4-nji orny paýlaşýar.

* Zidan Tuheliň garşysyna geçiren 5-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilmedi.

* Jogap duşuşygy 5-nji maýda oýnalar.