Ýewropanyň Oskary hasaplanýan Ýewropa film akademiýasynyň baýraklary gowşuryldy. Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilen 38-nji baýrak gowşurylyş dabarasynda “Duýguçyllygyň gymmaty” (Affeksjonsverdi) filmi öňe saýlandy. Norwegiýaly režissýor Ýoahim Trieriň surata düşüren bu ekran eseri 6 ugurdan ýeňiji diýlip yglan edildi. Iň gowy film saýlanan kinony ekranlaşdyran Ýoahim Trier iň gowy režissýor baýragyna laýyk görüldi. Filmde baş keşpleri janlandyran ussat artist Stellan Skarsgard iň gowy aktýor, Renate Reinswe bolsa iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Filmiň edebi esasyny ýazan Ýoahim Trier bilen Eskil Wogt iň gowy ssenariý baýragy bilen sylaglandy. Şeýle-de, filmiň sazlaryny döreden Hania Rani iň gowy saz baýragyna mynasyp boldy.
Ispaniýa we Fransiýanyň bilelikdäki önümi bolan “Sirat” filmi 9 ugurdan dalaşgär görkezilipdi. Oliwer Laşeniň surata düşüren filmi iň gowy kasting, operator, montaž, önümçilik bezegi, ses bezegi ýaly ugurlarda Ýewropa film akademiýasynyň heýkeljiklerine laýyk görüldi.
Fransiýaly Ugo Bienwenunyň surata düşüren “Arko” (Arco) atly mulfilmi iň gowy animasiýa baýragyny eýeledi. Germaniýaly zenan režissýor Maşa Şilinskiniň “Ýykylyşyň sesi” (In die Sonne schauen) atly filmi iň gowy grim, şeýle-de, gresiýaly Ýorgos Lantimosyň ekranlaşdyran “Bugoniýa” (Bugonia) filmi-de iň gowy makiýaž we saç bezegi baýraklaryna mynasyo boldy.
Norwegiýaly meşhur aktrisa Liw Ullmanna Ýewropa film akademiýasynyň Ömür boýy üstünlik baýragy, şol sanda italiýaly režissýor hem ssenariçi Aliçe Rorwakere Dünýä kinosyna Ýewropa goşandy baýragy gowşuryldy.
PDF






