Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy ho­wa men­zil­le­ri­niň sa­na­wy taý­ýar­lan­dy. Şeý­le­lik­de, Rus­si­ýa­nyň «Wnu­ko­wo» ho­wa men­zi­li hem-de Gre­si­ýa­nyň Afi­ny hal­ka­ra ho­wa men­zi­li «Best Air­port Awards» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Gre­si­ýa­nyň ho­wa men­zi­li 25 mil­li­on­dan 40 mil­lio­na çen­li ýo­lag­çy ge­çi­ri­ji­lik uky­by­na eýe bo­lan ho­wa men­zil­le­ri­niň ara­syn­da bi­rin­ji­li­gi eýe­län bol­sa, Rus­si­ýa­nyň ho­wa men­zi­li 10 mil­li­on­dan 25 mil­lio­na çen­li ýo­lag­çy ge­çi­ri­ji­lik müm­kin­çi­li­gi bo­lan ho­wa men­zil­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öň­de­li­gi eýe­le­di.
Şeýle-de Stam­bul (Tür­ki­ýe), Pa­ler­mo (Ita­li­ýa­), Ýan­ku Kluž (Ru­my­ni­ýa) şä­he­rlerin­iň hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri hem baý­raga my­na­syp bol­dy.
Hal­ka­ra ho­wa men­zil­le­ri ge­ňe­şi (ACI) ta­ra­pyn­dan berilýän bu baý­ra­k emin­le­riň ba­ha­lan­dyr­ma­gy­ ne­ti­je­sin­de gow­şu­ryl­ýar. Emin­ler ho­wa men­zil­le­ri­ne awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin dö­re­di­len şert­ler, ýo­lag­çy­lar üçin dö­re­di­len ýe­ňil­lik­ler, dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak, san­ly­laş­dyr­mak ýa­ly ugur­lara görä baha berýär.

Ogul­je­ren RAH­MA­NO­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.