Düýn agşam “Ýewrowideniýe 2022” aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym final tapgyry geçirildi. Italiýanyň Turin şäherinde geçirilýän bäsleşikde 14-nji maý günki final tapgyryna gatnaşjak 25 ýurt belli boldy. 10-njy maýdaky birinji tapgyrda Şweýsariýa, Norwegiýa, Ermenistan, Gresiýa, Islandiýa, Ukraina, Litwa, Moldowa, Portugaliýa we Niderlandlar finala çykmaga hukuk gazanypdy.
Düýn agşam geçirilen ikinji tapgyrda Belgiýa, Çeh Respublikasy, Azerbaýjan, Polşa, Finlýandiýa, Estoniýa, Awstraliýa, Şwesiýa, Rumyniýa we Serbiýa final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandy.
“Ýewrowideniýe 2022” bäsleşigine gatnaşýan ýurtlar:
Albaniýa, Awstraliýa, Ermenistan, Awstriýa, Belgiýa, Bolgariýa, Horwatiýa, Kipr, Çeh Respublikasy, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Gruziýa, Germaniýa, Gresiýa, Islandiýa, Irlandiýa, Ysraýyl, Italiýa, Latwiýa, Litwa, Malta, Moldowa, Çernogorýe, Niderlandlar, Demirgazyk Makedoniýa, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, Rumyniýa, San Marino, Serbiýa, Sloweniýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa, Ukraina we Angliýa.
Bu aýdym-saz bäsleşigi adyndan belli bolşy ýaly, Ýewropa ýurtlarynda geçirilýän hem bolsa, Ýewropa Teleýaýlymlar Bileleşigine (EBU) agza bolan Awstraliýa we Ysraýyl hem gatnaşyp bilýär.