Jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ýurdumyzda döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ridir. Hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny has-da döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin tä­ze be­lent mak­sat­lar we we­zi­pe­ler go­ýul­ýar.
Ýur­du­myz dün­ýä döw­let­le­ri, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­mynda köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry bar­ha ber­kid­ýär. Te­le­luk­man­çy­lyk we te­le­mas­la­hat­lar ar­ka­ly öza­ra tej­ri­be alyş­mak, ama­ly luk­man­çy­ly­ga öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm ugur­larda yl­my-luk­man­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny giňelt­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Že­ne­wa­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş as­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­si­niň 78-nji ses­si­ýa­sy­na gat­naş­dy. Ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­ne sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow ýol­baş­çy­lyk et­di, şeý­le hem ol umu­my mej­lis­de çy­kyş et­di. Bu ba­ra­da BMG-niň Že­ne­wa­da­ky eda­ra­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik we­kil­ha­na­sy­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy çy­ky­şyn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, ök­de hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak we luk­man­çy­lyk­da san­ly­laş­dyr­mak me­se­le­sin­de ýur­du­my­zyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­na ün­si çek­di.
Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de BSGG-niň Baş mü­di­ri dok­tor Ted­ros Ad­han Geb­re­ýe­sus bi­len hem du­şu­şyk bol­dy. Ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn di­na­mi­ka­sy­ny hem-de ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we luk­man­çy­lyk bi­li­mi­ni ös­dür­mek ýa­ly jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Ýur­du­myz­da Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň yn­san sag­ly­gy ba­ra­da­ky ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän de­re­je­de Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň işi ka­nun­çy­lyk, gu­ra­ma­çy­lyk, mad­dy-teh­ni­ki üp­jün­çi­lik taý­dan düýp­gö­ter kä­mil­leş­di­ril­di. Ýur­du­myz­da bu ul­gam­da in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy ýo­ka­ry bi­lim­li luk­man­la­ry taý­ýar­la­mak iş­le­ri­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len saz­la­şyk­ly ýo­la go­ýul­dy. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan­da ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa», «Türk­me­nis­tan­da ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy gö­reş­mek uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma», «2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin «Sag­dyn ene – sag­dyn ça­ga – sag­dyn gel­jek» at­ly Mil­li stra­te­gi­ýa», «Türk­me­nis­tan­da D wi­ta­mi­ni bi­len bag­ly öňü­ni alyş çä­re­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça 2023 – 2028-nji ýyl­lar üçin Stra­te­gi­ýa» ýa­ly mak­sat­na­ma­lar­dyr stra­te­gi­ýa­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýurdumzyda ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li iş­ler üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Şeý­le be­ýik iş­ler­den ruh­lan­ýan hal­ky­myz ag­zy­bir­lik­de zäh­met çe­kip, eziz Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ne öz­le­ri­niň my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar.

Tyl­la­gö­zel NU­RY­ÝE­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.