Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, yn­san­per­wer­lik, mä­tä­ji gol­da­mak ýa­ly mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze eýer­mek bi­len, Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy ta­ra­pyn­dan ata-ene­si­niň ýa-da ola­ryň or­nu­ny tut­ýan adam­la­ryň ho­wan­dar­ly­gyn­dan ga­lan ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň aý­ra­tyn ala­da bi­len gur­şa­lyp alyn­ma­gy, ola­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­me­gi ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýaş nes­liň aba­dan, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge, kä­mil şah­sy­ýet­ler hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.
Hal­ky­myz asyr­lar­bo­ýy öz nes­li­ne aý­ra­tyn ala­da we mä­hir bi­len ga­rap, ola­ra iň oňat zat­la­ry ba­gyş edip­dir. Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi he­re­ket ed­ýär. Mu­nuň özi he­ma­ýa­ta mä­täç ça­ga­la­ra kö­mek et­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Gaz­na­nyň dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­rin­de ho­wan­dar­ly­ga mä­täç nä­sag ça­ga­la­ra ýüz­ler­çe ope­ra­si­ýa­lar ge­çi­ril­di. Ça­ga­la­ra we ýet­gin­jek­le­re hos­sar­lyk et­me­giň, ola­ry aý­ra­tyn üns-ala­da bi­len gur­şap al­ma­gyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Şo­nuň üçin Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we gaz­na­nyň ýa­nyn­da Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň dö­re­dil­me­gi mil­li däp­le­ri­mi­ze gö­rä ça­ga­la­ry gol­da­mak­da, go­ra­mak­da, ola­ra ho­wan­dar­lyk et­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Hä­zir­ki wagt­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti O.Ata­ba­ýe­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hem gaz­na­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da giň ta­gal­la edil­ýär. Go­laý­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti O.Ata­ba­ýe­wa­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li Jal­pa Rat­na bi­len du­şu­şy­gy bol­dy. On­da Türk­me­nis­tan bi­len ÝU­NI­SEF-iň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy we ony ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Türk­me­nis­tan­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça «2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin «Sag­dyn ene – sag­dyn ça­ga – sag­dyn gel­jek» at­ly Mil­li stra­te­gi­ýa iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. Şun­dan ugur al­nyp, Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Sag­dyn ene bol­ma­sa, sag­dyn ça­ga bol­ma­ýar» di­ýen pa­ra­sat­ly jüm­le­sin­den ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu bol­sa sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky ut­ga­şyk­ly iş­le­riň bin­ýa­dy­na öw­rül­di. Ça­ga­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri esa­sy ugur edin­ýän gaz­na­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 4 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek ug­run­da hem ta­gal­la edil­ýär. Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da ýur­du­myz­da top­lum­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi her bir ça­ga mä­hir­li ga­ra­ýyş bi­len ho­wan­dar­lyk edil­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy sag­dyn ýaş nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­de aý­ra­tyn mö­hüm or­na eýe­dir. Gaz­na­nyň işi­ne yzy­gi­der­li gol­daw ber­mek­de, ýur­du­myz­da yn­san­per­wer­lik, ada­lat­ly­lyk, sa­ha­wat­ly­lyk däp­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, ha­ýyr-sa­ha­wat işi­ni ös­dür­mek­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ägirt uly ta­gal­la­la­ry ed­ýär. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da türk­men hal­ky­nyň ga­dym­dan gel­ýän asyl­ly däp­le­ri Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň yn­san­per­wer sy­ýa­sa­tyn­da aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Reý­han BER­DI­MU­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.