Türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň toýly günlerimiziň buşlukçysy bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem hoş habarlaryň buşlukçysy bolup, taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Her bir hoş habar şanly ýylyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar halkymyzda çuňňur şatlyk hem-de buýsanç duýgularyny döretdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyga, adalatlylyga, birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan hoşniýetli diplomatiýasynyň nobatdaky üstünligidir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşlygy uzak möhletli häsiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň oýlanyşykly saýlap alan ýoludyr» diýip belläp geçişi ýaly, döwletimiz abraýly halkara gurama bilen ynama, hyzmatdaşlyga hem-de dünýäde parahatçylygy, asudalygy, dostlugy pugtalandyrmaga esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ençeme Kararnamalar munuň subutnamalarydyr. Bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ata Watanymyzyň howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky tagallalary, ynsanperwerlige ýugrulan, halklary dostlaşdyrýan, ýurtlary parahatçylyga çagyrýan işleri hem dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Munuň aňyrsynda halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň ýatandygyny bellemek gerek.
Aslynda, milletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklaryň abadançylygy hem ösüşinde, halkara hukuk işiniň dabaralanmagynda «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama möhüm orun degişlidir. Şeýle-de bu resminama halkara hukuga hormat goýmaga we oňa düşünmäge ýardam bermek maksadyny hem öz içine alýar. Kararnama parahatçylyk söýüji halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen, dünýäde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam bermekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ata Watanymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen berkidilmegi parahatçylygy ýörelge edinýän, dostlugy dabaralandyrýan, hyzmatdaşlygy rowaçlandyrýan eziz Diýarymyzyň dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň belende galýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halklaryň bähbidine gönükdirilen asylly hem beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer daşary syýasatynyň dünýäde dabaralanýandygyny hem subut edýär.
Goý, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet bolan ata Watanymyzyň abraý-mertebesi has-da artsyn, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, tutuş adamzadyň bagtyýar, asuda durmuşyny üpjün etmek, ýurtlaryň durnukly ösüşini gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän tutumly işler rowaçlyklara beslensin! Bagtyýar türkmen halkyny ösüşleriň röwşen ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Döwran GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň administratiw hukuk ugrunyň magistri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF








