Dün­ýä­ni gö­zel­leş­dir­jek bol­saň, il­ki öz öýüň­den baş­la.
Kon­fu­siý.

Eger sen bir işi ba­şa­ra­ryn öýt­seň hem dog­ry, ba­şar­ma­ryn öýt­seň hem. Iki ýag­daý­da-da se­niň di­ýe­niň bo­lar.

Şow­suz­ly­ga uç­ra­ma­dyk adam – öm­rün­de tä­ze zada sy­na­ny­şyp gör­me­dik adam­dyr.
Al­bert Eýnş­teýn.

Di­ňe ýü­rek bi­len se­re­de­niň­de, hem­me zat aý­dyň gö­rün­ýär. Esa­sy zat­la­ry göz bi­len gö­rüp bol­maz.

An­tu­an de Sent-Ek­zýu­pe­ri.

Göz­leg­le­ri­miň we öw­re­nen zat­la­ry­myň ne­ti­je­sin­de bil­ýän ýe­ke-täk za­dym – özüm ba­ra­da di­ňe bir zat bil­ýän­di­gim­dir, ol hem hiç­ bir zat bil­me­ýän­di­gim­dir.

Bi­lim gor­ky­nyň we na­dan­ly­gyň ýe­ke-täk emi­dir. Di­ňe bil­ýän adam ha­ky­ky erkin ýaşaýan kişidir.
Sok­rat.

Iň uly baý­lyk az za­da ka­na­gat edip bil­mek­dir.
Dio­gen.

Tiz git­jek bol­saň – ýe­ke git, uzak git­jek bol­saň – ýol­daş­ly git.
Af­ri­kan na­ky­ly.

Ga­raň­ky­ly­gy ga­raň­ky­lyk ko­wup bil­mez, di­ňe ýag­ty­lyk ko­wup bi­ler; ýig­ren­ji ýig­renç ýe­ňip bil­mez, di­ňe söý­gi ýe­ňip bi­ler.
Mar­tin Lýu­ter King.

Islendik adam dostunyň başyna gelen kynçylyga gynanyp biler, emma dostunyň üstünligine guwanmak üçin päk ýürek gerekdir.
Os­kar Waýld.

Özüň bol­mak öz­bo­luş­ly­ly­gy­ňy ýi­tir­mez­lik üçin dün­ýä­niň se­ni baş­ga bi­ri­ne öwür­mek sy­na­ny­şyk­la­ry­na gar­şy dur­mak­dyr.
Ralf Uol­do Emer­son.

Bi­ziň dur­muş­da­ky iň uly mak­sa­dy­myz beý­le­ki­le­re kö­mek et­mek­dir. Eger kö­mek edip bil­me­ýän bol­sa­ňy­zam, hiç bol­man­da ola­ra zy­ýan ýe­tir­mäň.
Da­laý La­ma.

Ýol ta­pyň, ýol ta­pyp bil­me­se­ňiz, tä­ze ýol açyň.
Gan­ni­bal.

Ge­dem­lik adam­da kä­mil­leş­mä­ge bo­lan äh­li müm­kin­çi­ligi ýok ed­ýär.
Lew Tols­toý.

Ulum­sy­lyk we ge­dem­lik gow­şak­ly­gyň hem-de akyl­syz­ly­gyň iň uly ala­ma­ty­dyr.
Mihail Ler­mon­tow.