…1881-nji ýylyň 26-njy fewralynda Wiktor Gýugonyň doglan gününiň ýetmiş dokuzynjy ýylyny Pariž bilen birlikde, tutuş Fransiýa baýram etdi. Paýtagtyň Eýlau awenýusynda dabara arkasyny dikdiler. Onuň asty bilen Wiktor Gýugonyň öýüniň gapdaljygyndan parižlileriň we myhmanlaryň altmyş müňüsi dabaraly geçip gitdi. Beýik ýazyjy öz agtyklary bilen penjiräniň öňünde durşuna muşdaklaryna baş egip minnetdarlyk bildirýärdi. Aradan ýarym ýyl geçensoň, bu awenýunyň Eýlau adyny Wiktor Gýugonyň awenýusy diýip üýtgetdiler. Öz köçesinde goja ýazyjy ýene dört ýyl ýaşady.
1885-nji ýylyň 1-nji iýunynda san-sajaksyz märeke onuň tabydyny Ýyldyz meýdanyndan Panteona deňiç göterip äkitdi. Ak bägüllerden ýasalan gülhalkalar bilen bezelen, başga hiç hili kaşaňlyk bolmadyk gara tabytly arabanyň ýanynda on iki sany ýaş şahyr durdy. Öz wesýetnamasynda Wiktor Gýugo şeýle ýazypdy: «Elli müň franky garyplara miras goýýaryn. Tabydymy gonamçylyga garyplar üçin niýetlenen arabada äkitmeklerini isleýärin. Ybadathanalarda ruhum üçin doga okamaly diýen däplerden ýüz öwürýärin. Ýöne ähli adamlaryň maňa ýürekden doga-dileg etmegini haýyş edýärin. Taňra ynanýaryn. Wiktor Gýugo».
Ol fransuz rewolýusion ýylnamasy boýunça Respublikanyň X ýylynyň wantoz aýynyň 7-sine Bezanson şäherinde dünýä inýär. Ene-atasy: Napoleonyň serkerdesi Žozef Leopold Sigisber Gýugo we ejesi hanym Gýugo (gyz ady Sofi Fransuaz Trebýuşe de la Renodýe). Tizara är-aýal aýrylyşýar. Wiktor iki uly agasy bilen kä kakasynyň, käte ejesiniň ýanynda ýaşaýardy. Olar bir şäherden beýlekä, Fransiýadan Italiýa we Ispaniýa göçüp-gonýardylar. Bäş ýaşynda kakasynyň harby polkuna ýazylan Wiktor özüni hakyky esger hasap edýärdi. Hakykatdanam, çagalykda-da, Madride barýan ýolda, Napoleonyň Ispaniýa çozup girmegine berk garşylyk görkezen ispanlar bilen söweşlerde ol urşuň we ölümiň nämedigini gözi bilen gördi. Ýetginjekkä Wiktor Gýugo goşgulary hem latyn şahyrlaryndan eden terjimeleri bilen on sany depderi doldurypdy, emma olary ýakdy, soň ýene depder tutundy-da oňa: «Men on bäş ýaşymda, erbet ýazýaryn, has oňat ýazyp bilerdim» diýip bellik etdi. Şol wagtlar ol Parižde, Keramatly Margarita köçesindäki pansionda okaýardy hem edebi şöhrat barada arzuw edýärdi. Şahyr Şatobrianyň eserlerinden ylhamlanyp döreden poemalarynyň birini-de «Öz bäbegini üwrär ýaly palma agajynyň şahasyndan sallançak asýan kanadaly hindi zenany» diýip atlandyrypdy. Fransuz akademiýasy tarapyndan yglan edilen bäsleşikde ýaş Gýugo üç ýüz otuz dört setirden ybarat bu poemasy üçin hormat hatyna mynasyp boldy. Gül oýunlarynyň Tuluz akademiýasy «Genrih IV heýkeliniň dikeldilmegi» atly odasy üçin ony Altyn liliýa bilen sylaglady. Tizara doganlar Gýugolar «Edebiýat konserwatory» atly edebi žurnaly neşir etmäge synanyşdylar. Bir ýarym ýylyň dowamynda Wiktor bu žurnalda on bir tahallus bilen 112 sany makala we 22 sany goşgy çap etdirdi. Doganlaryň ulusy Abel öz hasabyna Wiktoryň ilkinji kitabyny neşir etdirdi, ol «Odalar we başga goşgular» diýlip atlandyrylýardy. Ýigrimi ýaşly şahyr poeziýa üçin «aýdyň akylyň, päk ýüregiň, rehimdar we belent kalbyň gerekdigine» pugta ynanýardy.
Ömrüniň otuzynjy ýylynda Gýugo eýýäm «Gündogar äheňleri» we «Güýz ýapraklary» atly goşgular ýygyndylarynyň, «Islandiýaly Gan» romanynyň (W.Skottuň usulynda we iňlis gotiki romanynyň täsirinde), «Ölüme höküm edileniň iň ahyrky güni» powestiniň, «Kromwel», «Marion Delorm» we «Ernani» atly dramalaryň awtorydy. «Kromwel» atly dramasyna ýazan sözbaşysy edebiýatçylar tarapyndan «romantizmiň manifesti» hökmünde biragyzdan ykrar edilen Wiktor Gýugo onda romantizmiň özenini «hiç haçan rahatlyk bilmeýän, kä şatlanýan, kä nalaýan kalbyň geň howsalasy» hökmünde häsiýetlendiripdi.
1831-nji ýylyň başlarynda ol «Pariž Bibimerýeminiň Sobory» atly romanyny tamamlady. Gýugo bu kitabyny ilkinji nobatda «hyýaly göz öňüne getirmäniň, hokgabazlygyň we fantaziýanyň önümi» diýip häsiýetlendirdi. Ýöne ol XV asyryň Pariži hakyndaky maglumatlary üç ýyllap toplapdy. Romanyň golýazmasyny neşirýata iň ahyrky möhletde gowşurdy. Ol wagt Gýugonyň eýýäm öýi, maşgalasy bardy we edebi zähmetiniň arkasyndan her ýyl iň azyndan on bäş müň frank gazanmagyň arzuwyny edýärdi. Tiz wagtdan ol mundan has köp gazanyp başlady, ýöne her agşam ýadaman-ýaltanman, öz çykdajylaryny santime (frankyň ýüzden bir bölegi) çenli hasaplaýardy.
1830-njy ýylyň iýulyndaky we 1848-nji ýylyň fewralyndaky rewolýusiýalaryň aralygynda Gýugo birnäçe täze poetiki eserler toplumyny: goşgy bilen ýazylan «Korolyň güýmenjesi» dramasyny, prozadaky üç dramasyny, Germaniýa baradaky oçerkler kitabyny («Reýn») tamamlapdy we soň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren «Ýekirilenler» diýlip ady üýtgedilen «Garyplyk» romanyny ýazmaga girişdi.
1841-nji ýylyň ýanwar aýynyň 7-sine Wiktor Gýugo «Ölmez-ýitmezleriň» Akademiýasyna kabul edildi. Aradan ýedi ýyl geçensoň, ol Parižiň VIII okrugynyň häkimligine saýlandy. Şondan soň Gýugo ýurtda ýüze çykan syýasy ýagdaýlar sebäpli Parižden Brýussele gitmäge mejbur bolýar. Ine, şondan soň beýik ýazyjynyň uzak ýyllara çeken agyr sürgünlik durmuşy başlanýar.
«Eger jahanda sürgüniň ajaýyp ýerleri bar bolsa, Jersini hem olaryň hataryna goşmak gerek… Men bu ýerde deňziň kenaryndaky ak külbede mesgen tutundym. Öz penjirämden Fransiýany görýärin» diýip, Gýugo Normand adalarynyň Jersi diýilýän ýerindäki Marin-Terras willasyndaka ýazypdy. Bu ýazgysyndaky «ak külbe» diýip atlandyrýan willasynda ol üç ýyllap ýaşady. Beýleki fransuz emigrantlary bilen birlikde Jersiden çykarylan Wiktor Gýugo goňşy Gerns adasynda ýerleşip, «Syn etme» atly goşgular ýygyndysynyň galamhakyna Otwil-Haus atly öýi satyn aldy.
Gýugo berk gün tertibini berjaý edýärdi: säher bilen turýardy, sowuk suwa ýuwunýardy, gara kofe içýärdi we Günüň irki şöhlelerinde golýazmalarynyň üstünde işleýärdi, gün orta boluberende ertirlik edinerdi, soň adada gezim ederdi, ýene iňrik garalýança işlärdi, maşgalasy hem myhmanlary bilen naharlanardy, sagat 10 bolanda uklamak üçin hökman düşege geçerdi. Her duşenbede günortan naharyna ýerli garyp çagalaryň 40-syny çagyrardy.
Otwil-Hauzdaky öýünde ol «Ýekirilenler» romanyny ýazyp tamamlady, «Asyrlaryň rowaýaty» atly göwrümli epopeýasy üçin birgiden goşgulary we poemalary ýazdy. Şeýle hem «Deňziň zähmetkeşleri» atly (Gernsiniň balykçylary hakynda) we «Gülýän adam» atly romanlaryny döretdi.
1870-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Fransiýa Respublika hökmünde jar edilen dessine Gýugo Pariže dolanyp bardy. Demirgazyk wokzalda ony mähelle «Marselýezany» aýtmak hem-de «Ýaşasyn Fransiýa! Ýaşasyn Gýugo!» diýen buýsançly hem şatlykly sesler bilen garşylady. Gýugo Milli mejlisiň deputatlygyna saýlandy.
«Togsan üçünji ýyl» atly soňky romanyny Gernsdäki öýünde tamamlan Gýugo onuň galamhakyna Parižden özi, agtyklary, gelinleri üçin uly öý satyn aldy. Şol wagta çenli onuň aýaly-da, ogullary-da, uly gyzy-da aradan çykypdy. Körpe gyzy bolsa akyl taýdan näsaglar üçin hassahana ýerleşdirilipdi. Gýugo agtyklary Žoržy hem Žannany diýseň eý görerdi hem-de olara «Ata bolmak sungaty» diýen goşgular toplumyny bagyşlady.
Ýakynlarynyň güwä geçmegine görä, Wiktor Gýugo ölüm ýassygynda ýatyrka şeýle diýipdir: «Günüň ýagtylygy bilen gijäniň tümlüginiň arasynda söweş gidýär». Onuň iň ahyrky sözleri: «Şunlukda, men gara ýagtylygy görýärin» bolupdyr.
Taýýarlan Hemra Hudaýgulyýew.
PDF








