Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz syýasy we ykdysady taýdan umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan, dünýäniň ösen döwletleri bilen bäsleşige ukyply, bilimde, ylymda-tehnikada, durmuş üpjünçiliginde, medeniýetde we sungatda dünýä jemgyýetçiligi bilen aýakdaş barýan döwlet hökmünde häsiýetlendirilýär.
Her bir jemgyýetiň ösüşinde, has ýokary derejede kämillige ýetmeginde bilim kesgitleýji orny eýeleýär. Her bir ynsan ömrüni bilime, ylma sarp etmegi bagt hasaplaýar. Gadymy döwürlerde ata-babalarymyz bilim almagy, ylym öwrenmegi parz hasaplapdyrlar. Halkyň arasynda bilimli-ylymly adamlara uly hormat-sarpa goýlupdyr.
Halkyň, milletiň ruhy kämilligini, bilim derejesiniň ösmegini kitapsyz we kitaphanasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Kitaphanalar halka bilim berýän, adamzady dogry ýola ugrukdyrýan hazynadyr. Kitaplar adamzat akyl-paýhasynyň jemlenen dürdäneleri bolsa, kitaphanalar şol dürdäneleriň köşkleridir. Kitap okaýan adam mydama ruhubelent, dana sözli, halkyna, Watanyna, daş-töweregi gurşap alan ähli tebigata uly söýgi bilen garap bilýär.
Taryhy maglumatlar türkmen halkynyň genji-hazynasy, paýhaslylygyň çeşmesi, öçmez-ýitmez umumadamzat hakydasynyň jemlenmesi hökmünde kitaplary we golýazmalary aýawly saklamak däpleriniň näderejede çuňdugyna hem-de dowamlydygyna aýdyň subutnama bolup durýar. Türkmen halkynyň parasatly sözlere, paýhasly pikirlere aýratyn hormat goýýan halkdygyna Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasyny okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Mundan başga-da, Х asyrda ýaşap geçen beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşary ylym we kitap barada: «Kitap bossanlykdyr, hat onuň nerkes gülleridir», şeýle hem «Kim bir kitap ýazsa ýa-da bir şygyr düzse, özüniň akylyny ynsanlara beýan edýändir» diýmek bilen, adamzat taryhynda kitabyň ornunyň ýokarydygyny beýan edýär.
Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirlerine ser salanymyzda-da, ylymly-bilimli bolmaga kitap bilen ýetilýändigi ýatlanýar. Baryp gadym döwürlerde bir akyldardan: «Eger biziň ömrümiziň sanlyja pursady galan bolsa, ony nämä sarp etsek gowy bolar?» diýip soralanda, ol «Bilim öwreneliň!» diýip, jogap beripdir. Diýmek, bilim-ylym adamyň diňe bir aň-düşünjesini ösdürmek bilen çäklenmän, onuň ömrüne many berýär, mertebesini galdyrýar, durmuşda öz ornuny tapmagyny üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda ylym-bilim barada şeýle sözler getirilýär: «Ýaşaýşyň şeýle kämil nusgasyny döreden halkymyz: «Okan il ozar, okamadyk il tozar» diýipdir. Ýene-de: «Ylym-akylyň ýarysy» diýipdir». Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» atly poemasynyň üçünji babyny tutuşlygyna ylma hem-de alymlara bagyşlamagy-da, adamynyň ýaşlygyndaky edep-terbiýesi bilen bagly borçlar hakynda söz açylmagy-da muňa anyk delildir.
Bilim, ylym, akyl, terbiýe adamzadyň ömür çelgisidir. Ylymly, bilimli, dana adama aryp diýilýär. Ony dürli delilleriň üsti bilen görkezip bolar. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň 1-nji tomunyň 77-nji sahypasynda «aryp» sözi bilimli, paýhasly, parasatly diýen manysy aňladýar. Mysal üçin, «Aryp bolsaň, habar algyn sözünden, Bir köýnegi bardyr egri dyzyndan» («Görogly»), şeýle-de «Örän sypaýyçylyklyk bilen hereket edýän. Ol gaty aryp adam» diýen ýaly sözlerde «aryp» sözi getirilýär. «Arybyňky-gülüstan, göribiňki-çölüstan» ýaly nakyllarda hem «aryp» sözi ulanylýar.
Ylym we bilim ösüşleriň ganatydyr. Alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda getirilýän rowaýatda ylym barada bir dananyň: «Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin ýagtylyk gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr. Alan bilimi bilen kanagat edip, özüniň ukybyny we başarjaňlygyny ösdürýän adam dürli hünärlere gol berer. Hünäri kämilleşdirmekde ukyp hem-de endik esasy orny eýeleýär. Ylymda bolsa, pikir birinjidir. Ylmyň miwesi dünýägaraýşyň çuňlugynda, köp bilmekde we ýaşaýşyň akymyna sazlaşykly goşulmakdadyr. Çünki ylymly adam tebigatdan güýç alýar, many tirýär, ylymly adam adamlaryň ýaşaýşyndan many aňýar we onuň netijesini özleşdirýär. Ylym bilen paýhasyň kökleri birdir, ýöne tebigaty aýrydyr. Çünki paýhas adamyň zandynda bardyr. Ylym onuň yhlasy bilen zehininde ýaşaýar. Ylym netijelilikdir, bilim tejribedir. Bilim ylma barýan ýagtylyk bolup, onda hem paýhas, hem-de hadysalaryň göz ýetirilen hakykaty bardyr. Ylym onuň yhlasy bilen zehininde ýaşaýar» diýen sözlerini mysal getirmek bilen, ylym bilen ýetilýän ýoluň tükeniksizdigini nygtaýar.
Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň «Ylym-bilim, medeniýet bossanynyň açylyşy we dünýä ýaýylyşy» atly bölüminde türkmen topragyndaky Merw, Sarahs, Abiwerd, Nusaý, Dehistan, Amul, Gürgenç ýaly gadymyýetiň şöhratly şäherleriniň ylmynyň belent derejelere göterilendigi, atlary taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan alymlaryň ençemesiniň ylmyň dürli ugurlary boýunça döreden eserleri barada giňişleýin beýan edilýär.
Bu gün dünýä derejesinde islendik döwletiň geljegi onuň halkynyň ahlak we aň mümkinçiliklerini emele getirýän bilim ulgamy bilen kesgitlenýär. Häzirki wagtda dünýäde bilimiň durmuş we ykdysady wezipeleri düýpli özgerdi. Bu jemgyýetçilik ösüşiniň we maddy medeniýetiň derejesiniň, aýratyn hem dünýä tehnologiýalarynyň we hyzmat ediş önümçiliginiň ösmeginiň netijesinde bolup geçýär. Milli ösüşe zerur bolan mümkinçilikler halkyň bilim derejesini ýokarlandyrmagyň netijesinde döredilýär. Ylmyň we bilimiň döwletiň hem jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmeginiň, şeýle hem jemgyýeti emele getirýän adamlaryň ruhy-ahlak taýdan kämil, kalby kanagatly, köňli baý şahsyýetleriň emele gelmeginiň iň möhüm şerti bolanlygy sebäpli, olaryň esasy wezipeleri-de döwletde giň dünýägaraýyşly adamlary döretmekden ybaratdyr. Elbetde, jemgyýeti emele getirýän adamlaryň aň-düşünjesi näçe giň, ahlak edim-gylymlary näçe arassa, ynam-ygtykatlary näçe päk we sagdyn boldugyça olaryň arasyndaky jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hem şonça-da birek-birege sylag-hormat goýmak, agzybirlik, adalatlylyk, dogruçyllyk, lebze wepalylyk ýörelgeleri agdyklyk etjekdigi ikuçsuzdyr.
Mälim bolşy ýaly, adamyň ýaşaýan jemgyýetinde döwlet tarapyndan onuň ylma-bilime bolan teşneligini gandyrmak we çäksiz höwesini kanagatlandyrmak üçin näçe amatly şertler döredildigiçe şahsyýetiň kämilleşmeginiň tizleşmegine hem-de kämillik derejesiniň artmagyna getirýär. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň astynda adam hakynda alada görlüp-eşidilmedik belentlige göterilen demokratik, hukuk we dünýewi döwletde adamyň aýrybaşgalaşdyryp bolmaýan mizemez hukugynyň esasylarynyň biri bolan bilim almaga, şeýle hem ylmy we döredijilik işleri bilen meşgullanmaga bolan konstitusion hukuklaryny berkarar etmek we şol hukuklarynyň kanuny kepilliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýändigi, döwletiň ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine we bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýändigi, şonuň ýaly-da ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýandygy baradaky hukuk kadalary berkidilen. Şonuň ýaly-da, Esasy Kanunyň 55-nji maddasynda her bir adamyň bilim almaga hukugynyň bardygy, umumy orta bilimiň hökmanydygy, her bir adamyň ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydygy baradaky hukuk kadasy kepillendirilendir. Bilim almak hukugy Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara Paktynyň 13-nji maddasynda, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamanyň 26-njy maddasynda we beýleki halkara hukuk namalarynda berkidilmegi halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky şöhlelenmesi bolup durýar. Şeýle hem «Bilim hakynda», «Ylmy işgärleriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» ýurdumyzyň ylym-bilim pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk kepillikleri hökmünde görkezmek bolar.
Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Aslynda, bilim merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden hem-de nesilden-nesle geçirip gelen iň gymmatly baýlygydyr. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň ýaly-da, ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalarydyr okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürilýär. Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň «Bilim hemmeler üçin!» atly Jarnamasyna goşuldy hem-de öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.
Bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzda bilim-ylym durmuşa ýagty saçýar. Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak – her bir ynsan üçin bagt. Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlary üçin okamaga, bilimli, hünärli bolmaga alym Arkadagymyzyň
başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde giň ýol açylýar. Bilim-ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek ýolundaky başlangyçlar bolsa, halkymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyny berkidýär. Şonuň üçin biziň her birimiz ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin zähmet çekmegi, okamagy, gurmagy, döretmegi başarmalydyrys. Bu bolsa, abadançylygyň, nesillerimiziň bagtyýar ýaşaýşynyň badalgasydyr.
Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
PDF








