2-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine türkmen döwletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy we işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr 2022-nji ýylyň iki aýynda Ýaragly Güýçleriň düzümlerinde alnyp barlan işler hem-de ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk derejesine ygrarly Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine hemişe eýerýändigini belledi. Munuň özi üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinada aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň nazary, söweşjeň taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň pugta berjaý edilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagy boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, edaranyň işiniň esasy ugurlarynyň biriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda prokuror seljermelerini amala aşyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Kanunyň birkemsiz berjaý edilmegini üpjün etmek, adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, bu düzümiň işgärleri öz üstüne ýüklenen wezipeleri takyk we halal ýerine ýetirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra içeri işler ministri Ö.Hojanyýazow şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler hem-de ýol-ulag hadysalaryny öňünden duýdurmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk düzgün-tertibini saklamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, IIM-niň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli çözmek maksady bilen, täze usullary işjeň ornaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary has giňden peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ýangyna garşy düzgüni berjaý etmek boýunça çäreleri geçirmek Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça 2022-nji ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kazyýet işiniň kanunylygyň, adalatlylygyň we hukuk düzgüniniň üpjün edilmegine, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren sebäpleri hem-de şertleri aradan aýyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ähli ulgamlaryny özünde jemleýän döwlet tarapyndan goraglylygyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň eýeleýän ornuny belläp, kazylaryň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli guramagyň möhümdigine ünsi çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.
Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew howpsuzlygy üpjün etmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň gazananlaryny ygtybarly goramak boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň jogapkärçiliginiň olary döwletimizi mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribelerini gaýgyrmazlyga borçlandyrýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde jemgyýetimizde hukuk tertibini üpjün etmek boýunça işleri mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk alyp barmagyň möhümdigi barada aýdyp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri, ata Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz tarapyndan kabul edilen Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini, munuň bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna kybap gelýändigini belledi.
Biz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dost-doganlygyň serhedi diýip yglan edip, ähli döwletler, ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen oňyn gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy saklaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Gullugyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň çäk bitewüligini hem-de ykdysady bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy şu wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini kämilleşdirmegiň hem-de serhetçileriň netijeli gulluk etmegi, oňat dynç almagy we durmuşy üçin hemme şertleri döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow geçen iki aýda täze kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlemek boýunça alnyp barlan işler hem-de raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde ilata hereket edýän kanunçylyk hukuk namalaryny düşündirmek babatda geçirilen çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni işjeň öwrenmegiň zerurdygyny belläp, ministre ilata ýokary derejeli hukuk kömegini bermegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna degişli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, kanunlara zerur üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada tabşyryk berlendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz adalat ministri M.Taganowa ýüzlenip, kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmagy hem-de olara degişli teklipleri we hukuk netijenamalaryny bermegi tabşyrdy.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň başyndan bäri gullugyň alyp baran işleri hem-de hormatly Prezidentimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhedinden geçýän, şol sanda üstaşyr geçirilýän ýükleriň köpelmegi bilen baglylykda, gullugyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen görülýän çäreler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ykdysady işjeňligiň artýandygyny hem-de halkara ýük daşalyşynyň möçberiniň köpelýändigini nazara alyp, ýurdumyza getirilýän harytlaryň has düýpli gözden geçirilmeginiň, onuň tassyklanan hil ölçeglerine doly kybap gelmeginiň üpjün edilmelidigini belledi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew şu döwürde edaranyň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ugurdaky döwlet syýasatynyň türkmenistanlylaryň bähbitlerini we howpsuzlygyny üpjün etmäge, olaryň ýurdumyz hem-de onuň çäklerinden daşarda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda hereket etmeginiň hukuklarynyň berjaý edilmegine gönükdirilendigini nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, şu günler ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini belledi. Bu çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, onda türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolmagy ugrunda ähmiýetli ädimdir.
Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-sy häzir hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawçylar bilen duşuşýarlar hem-de olary maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar.
Şu ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni saýlawlar geçiriler. Saýlamak hukugyna eýe bolan her bir türkmenistanly ýaşaýan ýeri boýunça ses berer hem-de Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgäri saýlar.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy D.Meredow ýurdumyzyň Konstitusiýasynda eks-prezident barada ýörite kada-kanunlaryň bardygyny belläp hem-de şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy hökmünde Konstitusiýanyň maddalary esasynda amala aşyrylmaly işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy bu tabşyryklary zerur derejede ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleriň görüljekdigine milli Liderimizi ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow şu ýylyň iki aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri, gözegçilik edýän edaralarynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şahsy düzümiň arasynda düzgün-tertibi pugtalandyrmak, ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we işjeň halkara hyzmatdaşlygyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenendigini belledi. Milli Liderimiz harby düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň, serkerdeleriň hünär derejesine hem-de olaryň hukuk taýdan habarlylygyna, häzirki zamanyň tehniki serişdelerine we tehnologiýalaryna erk edip bilmek başarnyklaryna gönüden-göni baglydygyny aýtdy hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz mejlisiň netijelerini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin alyp barmaly işleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Mejlisde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, bu resminamada bellenilen çäreleriň takyk we öz wagtynda ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.