Şu ýylyň 13-nji aprelinde Ýaponiýanyň Osaka prefekturasyndaky Ýumesima emeli adasynda açylan «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisindäki ýurdumyzyň pawilýony iň köp barylýan pawilýonlaryň birine öwrüldi.

«EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň mi­ze­mez köp­rü­si hök­mün­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat al­mak bol­ýar. Tä­sin hem özü­ne­çe­ki­ji ser­gi­de ýur­du­my­zyň ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny syn­la­mak, türk­men myh­man­sö­ýer­li­gi­niň esa­syn­da türk­men sa­ça­gy bi­len be­ze­len ýö­ri­te meý­dan­ça­lar­da dynç alyp, wag­ty­ňy gy­zyk­ly ge­çir­mek bol­ýar. Ýur­du­my­zyň pa­wil­ýo­ny «Dur­muş müm­kin­çi­lik­le­ri gi­ňelt­mek» mow­zuk­ly zo­na­da A32 ýer bö­le­gin­de ýer­le­şip, üç gat­dan yba­rat pa­wil­ýon ýo­kar­dan se­re­de­niň­de ýum­şak üç­burç gör­nü­şe eýe­dir. Bu aý­ra­tyn şe­kil tä­ze­le­ni­şi, dur­nuk­ly ösü­şi we ýa­şaý­şyň aky­my­ny aň­lad­ýar. Şeý­le-de pa­wil­ýo­nyň bi­na­gär­lik çöz­gü­di onuň daş-tö­we­re­gin­de te­bi­gy mik­rok­li­ma­ty eme­le ge­ti­rip, to­mus aý­la­ryn­da myh­man­la­ra sal­kyn we amat­ly gur­şa­wy üp­jün ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li pa­wil­ýo­ny­nyň ar­hi­tek­tu­ra­sy mil­li ny­şan­lar we äheň­ler bi­len be­ze­lip, ser­gi bi­na­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri ula­nyl­dy. Bu bi­na­nyň eks­po­zi­si­ýa­syn­da ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, ta­ry­hy hem-de me­de­ni­ýe­ti in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp şöh­le­len­di­ril­ýär. Ser­gi bi­na­syn­da mil­li aş­ha­na ta­gam­la­ry­ny da­dyp gör­mek we türk­men ha­ly­la­ry­ny syn­la­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­lip­dir. Şo­nuň üçin hem dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­den ge­len myh­man­la­ra ýur­du­my­zyň pa­wil­ýo­nyn­da gör­ke­zil­ýän hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy bi­len iç­gin ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik bar. Pa­wil­ýo­nyň üçe­gi türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my mil­li şaý-sep­le­ri­niň bi­ri bo­lan gül­ýa­ka­dan yl­ham al­nyp ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Onuň te­kiz we aý­dyň eg­rem-bug­ram çy­zyk­ly gur­lu­şy saz­la­şy­gy we gö­zel­li­gi şöh­le­len­dir­ýär. Hal­ky­my­zyň ada­ty gül­ýa­ka şaý be­ze­gin­den yl­ham al­nyp ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len bi­na­gär­lik çöz­gü­di ýe­ňil üç­burç­lyk güm­mez gör­nü­şin­de bo­lup, bu ýe­re gel­ýän sy­ýa­hat­çy­lar­da aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Pa­wi­lýo­nyň daş keş­bi bol­sa ýur­du­my­zyň giň çäk­le­ri­ni eýe­le­ýän Ga­ra­gum säh­ra­sy­ny ýat­lad­ýar. Bi­na­nyň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň gö­zel­li­gi­ni şöh­le­len­dir­ýän daş­ky gör­nü­şi mil­li­li­gi we öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Pa­wil­ýo­na ba­ryp gör­ýän ja­han­keş­de­ler ýur­du­my­zyň ösü­şi­ni gör­kez­ýän «akyl­ly» şä­he­re ba­gyş­la­nan tä­sir­li ta­nyş­dy­ryş wi­deo­fil­mi­ni gör­mä­ge hem müm­kin­çi­lik al­ýar­lar.
Pa­wi­lýo­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da ýer­leş­ýän döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan gör­kez­me za­ly myh­man­la­ra ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni, yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni we te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny giň pa­nel­li ek­ran­lar­da, ýag­ty­lyk we saz bi­len ut­gaş­dy­ry­lan ani­ma­si­on-şü­we­leň ar­ka­ly çuň­ňur duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da bu ýe­re gel­ýän­le­re şar gör­nüş­li ek­ran­la­ryň we hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň kö­me­gi bi­len ýur­du­my­za wir­tu­al sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di­lip­dir. Bi­na­nyň ikin­ji ga­tyn­da bol­sa sy­ýa­hat­çy­lar ýur­du­my­zyň dür­li pu­dak­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler bi­len tan­şyp bil­ýär­ler. Bi­na­nyň üçün­ji ga­tyn­da­ky meş­hur türk­men ha­ly­la­ry­ny, mil­li keş­de­le­ri we mu­zeý eks­po­nat­la­ry­nyň ýy­gyn­dy­la­ry­ny bu ýe­re ge­len myh­man­lar hö­wes bi­len su­ra­ta dü­şür­ýär­ler. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si ýa­kym­ly gök ça­ýy we mil­li ta­gam­la­ry hö­dür­le­ýän ada­ty türk­men sa­ça­gy­nyň ýa­nyn­da su­ra­ta dü­şüp, açyk ter­ras­da­ky su­rat­la­ry­ny so­si­al ul­gam­lar­da paý­laş­ýar­lar.
«EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­dä­ki ýur­du­my­zyň pa­wil­ýo­ny­nyň aý­ra­tyn ta­pa­wut­ly ta­ra­py hem me­de­ni mi­ra­syň, daş­ky gur­şaw bi­len saz­la­şy­gyň hem-de mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gyň döw­re­bap bi­na­gär­lik äheň­le­rin­de be­ýan edil­me­gi bi­len bag­ly­dyr. Bu Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­niň işi­ne 158 ýurt we se­bit, şeý­le-de 7 hal­ka­ra gu­ra­ma gat­naş­ýar. «EKS­PO – 2025» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si Osa­ka­da 13-nji okt­ýab­ra çen­li do­wam eder.

Ka­ka­jan Ber­di­ýew,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri.