Döwletimiz ählumumy gün tertibiniň strategik taýdan möhüm meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) hormatly Prezidentimiz bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Häzirki wagtda olary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklanylyp, ony durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şol bir wagtda, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň esasynda Türkmenistanyň 4-nji milli hasabatyny taýýarlamak işleri jemlenilýär we şu ýylyň ahyryna çenli bu hasabaty agzalan Konwensiýanyň Sekretariatyna ibermek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 11 — 22-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) geçiriler. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler we degişli hasabatlar diňleniler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň möhüm başlangyçlaryna esaslanyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.
“COP29-a” ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça indiki aýdan ulgamlaýyn esasda taýýarlyk işlerine başlamak hem-de 22-nji iýulda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara komissiýanyň çäginde döredilen iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bu mejlisiň netijeleri boýunça Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.
Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 28-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.