Ýyldyz oýunçy meksikan klubunyň düzümine goşuldy

48

Kolumbiýaly ýyldyz futbolçy Hames Rodriges Meksikanyň “Leon” klubunyň düzümine goşuldy. 33 ýaşyndaky ýarymgoragçy geçen awgust aýynda Ispaniýanyň çempionaty “La Liganyň” “Raýo Wallekano” toparyna geçipdi. Ol bu klubda 6 duşuşykda meýdança çykyp, şolaryň hiç birinde-de netijä täsir edýän statistika gazanyp bilmedi. Rodgriges Meksikanyň 8 gezek çempiony “Leon” bilen şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşyp, klub onuň transfer bolandygyny özboluşly wideo-rolik bilen habar berdi. “Leon” topary şu tomusda ABŞ-da geçiriljek Klublar Dünýä Kubogynda çykyş eder. Bu topar “D” toparçada “Çelsi”, “Flamengo” hem-de “Esperans” toparlary bilen duşuşar.

“Leon” topary Hames Rodrigesiň karýerasyndaky 12-nji kluby bolup, ol “Enwigado”, “Banfild”, “Porto”, “Monako”, “Real Madrid”, “Bawariýa”, “Ewerton”, “Al Raýýan”, “Olimpiakos”, “Sau Paulu” hem-de “Raýo Wallekano” toparlarynda oýnapdy.