Dünýäniň 7-nji sungaty hasaplanýan kino senagatynda adatça her ýyl tutuş Ýer şaryny hasaba alanyňda 7-8 müň film ekranlaşdyrylýar. Şolaryň agramly bölegi amerikan hem hindi filmleri bolup, soňky ýyllarda Nigeriýada-da kino önümçiligi san babatda juda köpeldi. 2025-nji ýylda-da ozalky ýyllarda bolşy ýaly, ýene-de müňlerçe film tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Şolaryň käbirleri kino muşdaklary tarapyndan sabyrsyzlyk bilen garaşylýan ekran eserleridir. Olaryň arasynda ozalky filmleriň dowamy bolan kinolar, animasiýalar, edebiýat eserleri boýunça surata düşürilenler we başgalar bar. Elbetde, surata düşürilen filmleriň ählisi şowly ýa-da tomaşaçylardyr tankytçylaryň göwnünden turýar diýip bolmaz. Esasanam, “streaming” wideo platformalaryň ýüze çykmagyndan soň, filmleriň sany köpelse-de, käbirleriniň hili o diýen öwerlikli däl. Elbetde, bu garaşylýan kinolaryň ählisiniň hem şowly boljakdygyna güwä geçip bolmaz. Ýöne režissýoryna, artistlerine, filmiň mazmunyna seredip, şol kinolardan uly tama edilýär. Ýeri gelende, kinotankytçylar bilen adaty tomaşaçylaryň arasynda uly tapawudyň bardygyny belläp geçeliň. Kinotankytçylaryň halan kinolaryny tomaşaçylar halaman bilýär ýa-da adaty kino muşdaklarynyň göwnünden turan filmler bilermenlerden ýokary baha alman bilýär. Iki tarapyň-da göwnüni tapmak o diýen ýeňil iş däl. Ýöne şonda-da hem kinotankytçylaryň, hem-de adaty kino söýüjileriň göwnünden turýan eserler hem az däl.

2025-nji ýylda diňe “Hollywood” studiýalarynyň önümlerini hasaba alanyňda, ep-esli filmiň bardygyna göz ýetirmek bolýar. “Jurassic Park”, “Capitan America”, “Mission Impossible”, “Superman”, “Mickey 17”, “F1”, “Avatar” ýaly kinolar şu ýylyň dowamynda kinoteatrlaryň ekranlaryny bezejek esasy kinolar hasaplanýar. Tomsuň ilkinji 2 aýynda, esasanam, ýylyň iri taslamalary, “pop-corn”-lar, ýylyň ahyrlarynda bolsa, baýraklara ymtylýan kinolaryň ekranlara çykýandygyny belläp geçeliň.

Ine, ýylyň garaşylýan esasy kinolarynyň käbirleri:

 

“Wolfman”

Edebiýatyň hem kino sungatynyň özboluşly, gorkuly gahrymany Gurt adam baradaky täze filme Lei Wonnell režissýorlyk edip, 17-nji ýanwardan görkezilip başlanjak ekran eserinde Kristofer Abbott bilen Julia Garner esasy keşpleri ýerine ýetirýär.

“Presence”

Meşhur režissýor Stiwen Soderbergiň şu ýylky ilkinji kinosy “Presence” diýlip atlandyrylýar. Meşhur ssenariçi Dewid Koeppiň ýazan edebi esasynda surata alnan gorkuly görnüşdäki kinoda Lýusi Lýu, Julia Foks, Kris Salliwan dagy dürli keşpleri janlandyrýar.

“Cleaner”

Ussat režissýor Martin Kampbelliň täze kinosynda Deýzi Ridli esasy keşpde bolup, Klaýw Owen bilen Taz Skaýlar ikisi hem beýleki keşpleri janlandyrýar. 21-nji fewralda görkezilip başlanjak uruşly trillerde ýesir alnanlaryň halas edilişi barada gürrüň berilýär.

“Love Hurts”

Uruşly komediýa filminde baş keşpleri oskarly aktýor Jonatan Ke Kuan, oskarly aktrisa Ariana Debos janlandyrýar. Filmiň režissýory Jonatan Eusebio.

“You’re Cordially Invited”

Ýylyň öňe saýlanýan komediýalarynyň biri bolan bu filmde Riiz Wizerspun bilen Will Ferrell baş keşplerde. Nikolas Stelleriň režissýorlyk eden kinosy şu aýyň ahyrynda “Amazon”-yň tekjelerinde orun alar.

“Love Me”

Amerikaly doganlar Säm we Endi Zukerolaryň täze filminde Kristen Stýuwart bilen Stiwen Ýeun baş keşpleri janlandyrýar. Postapokaliptik we romantik görnüşdäki filmde adamzat medeniýeti barada söhbet açylýar.

“In the Lost Lands”

Meşhur “Resident Evil” filmleriniň režissýory Pol W.S. Anderson täze kinosynda baş keşbi ýanýoldaşy, tanymal aktrisa Milla Ýowowiçe ynanyp, fantastik görnüşdäki film “Tagt oýunlary” serialynyň esaslandyryjysy Jorj R.R. Martiniň gysga hekaýasy esasynda surata düşürildi.

“Captain America: Brave New World”

Täze gahrymanlary bilen garaşylýan başarnygy gazanyp bilmedik “Marvel” ýene-de öňki hyýaly gahrymanlarynyň başdan geçirmelerine dolanýar. Şolaryň ilkinjisi Kapitan Amerika filminiň täze nusgasy bolup, oňa Julius Onah režissýorlyk edýär. Filmde baş keşbi Antoni Meki, Denni Ramires, Şira Haas dagy janlandyrýar. Film 14-nji fewralda ekranlara ýaýradylar.

“Mickey 17”

Mundan 5 ýyl ozal, “Mugthorlar” filmi bilen Oskar gazanan koreýaly režissýor Bun Žun-honuň 6 ýyl soň ekranlaşdyran ilkinji kinosynda Robert Robertson Naomi Aki, Stiwen Ýeun, Mark Ruffalo dagy surata düşýär. Warner Bros. studiýasynyň garamagyndaky filmiň býujeti 150 million dollara deňdir.

“Black Bag”

Stiwen Soderbergiň ýene-de Dewid Koeppiň ýazan ssenarisi esasynda surata düşüren we köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan, 60 million dollar býujetli bu filmi mart aýynyň 14-inde ekranlara ýaýradylar. Filmde Keýt Blanşett, Maýkl Fassbender, Naomi Harris, Piers Brosnan, Tim Býurke ýaly belli artistler dürli keşpleri janlandyrýar.

“Snow White”

“Haýran galdyryjy Möý adam” filmleriniň režissýory Mark Webbiň 8 ýyldan soň täze kinosy peýda bolýar. Soňky 8 ýylda esasanam seriallara režissýorlyk eden režissýor meşhur erteki Ak garyň täze nusgasy üçin kameranyň arkasyna geçdi. Mýuzikal görnüşdäki filmde Raçel Zegler, Gal Gadot esasy keşpleri ýerine ýetirýär.

“A Minecraft Movie”

Wideo oýunlar esasynda filmleriň hataryna goşuljak bu komediýa Jeýred Hess režissýorlyk etip, onda Jäk Bläk, Jeýson Momoa, Emma Maýers, Danielle Bruks dagy surata düşdi.

“The Amateur”

Britaniýaly režissýor Jeýms Hawesiň “Höwesjeňler” atly bu trillerde oskarly aktýor Rami Malek baş keşbi ýerine ýetirip, oňa Laurens Fişburn, Reýçel Brosnahan, Jon Berntal dagy ýoldaşlyk edýär. Film aprelde tomaşaçylara ýetiriler.

“The Electric State”

“Netflix”-iň önümi bolan bu filme doganlar Antoni hem-de Jou Russolar režissýorlyk edip, ekran eserinde Milli Bobbi Brawn, Krist Pratt, Jonatan Ke Kuan, Wudi Harrelson, Braýan Koks, Stenli Tuççi ýaly ussat artistler çykyş edýär. 320 million dollar býujetli ylmy-fantastik, komediýa görnüşli film martda prokatlara ýaýradylar.

“Golden”

Režissýor Miçel Gondriniň surata düşüren mýuzikal komediýa-drama görnüşli bu filminde Kelwin Harrison Junior, Halle Baili, Da’Win Joý Rendolf, Braýan Taýri Henri ýaly artistler dürli keşpleri ýerine ýetirýär.

“Final Destination: Bloodlines”

Özboluşly gorkuly filmler toplumy bolan “Soňky duralga” kinosynyň nobatdaky bölümi 15 ýyldan soň ekranlara dolanýar. Zäk Lipowski bilen Adam B. Steiniň režissýorlyk eden bu kinosy maýda ekranlara çykýar we filmde Toni Todd, Brek Bassinjer dagy surata düşýär.

“A Big Bold Beautiful Journey”

“Hollywood”-yň asly koreýaly režissýorlaryndan Kogonadanyň surata düşüren bu fantastik we romantik görnüşli kinoda Margo Robbi bilen Kolin Farrell esasy keşpleri janlandyryp, olara başga-da birnäçe meşhur artist ýoldaşlyk edýär.

“Mission: Impossible – The Final Reckoning”

Ilkinjisi 1996-njy ýylda başlan we Tom Kruzuň baş keşpde surata düşen “Ýerine ýetirip bolmajak missiýa” filmleriniň 8-njisi 23-nji maýda ekranlara çykar. Mundan öňki 3 filmde bolşy ýaly, ýene-de kameranyň arkasyna Kristofer MakKuarri geçdi. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu filminde kino söýüjiler Itan Hantyň başdan geçirmelerine soňky gezek tomaşa edip bilerler. 400 million dollar býujetli film ýylyň iň iri taslamalarynyň biri hasaplanýar.

“Karate Kid: Legends”

Gonkongly aktýor Jeki Çan Jenap Han keşbine ýene bir ýola dolanýar. Ussat aktýor “Karateçi çaga” filminiň nobatdaky bölüminde surata düşer. “Columbia Pictures”-iň 100 million dollar býujetli filmi maý aýynyň 30-yna ekranlara çykar. Filmde Jeki Çandan başga-da, Ralf Makkio, Ben Wang, Joşua Jekson dagy surata düşer.

“From the World of John Wick: Ballerina”

Öňünden çykanyň ýoguna ýanýan Jon Wikiň spin-off, ýagny ýanama kinosy “Ballerina” hem esasan, uruşly filmleri halaýanlaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan kinolarynyň biridir. “Ýer asty dünýäsi” (Underworld) filmleri bilen adygan Len Waýsmanyň režissýorlyk eden kinosynda baş keşbi Ana de Armas ýerine ýetirýär. Filmde Anjelika Hýuston, Gabriel Birn, Iýn MakŞeýn ýaly artistler bilen bir hatarda, Keanu Riwz hem surata düşýär. “Lionsgate” studiýasynyň önümi bolan film iýun aýynyň başlarynda ekranlarda peýda bolar.

“28 Year Later”

Oskarly iňlis režissýor Denni Boýl mundan 23 ýyl ozal “28 günden soň” atly postapokaliptik zombili filmine ýokary baha berlipdi. Režissýor bu gezek “28 ýyldan soň” ady bilen şol seriýanyň 2-nji kinosyny taýýarlaýar. Hatda geljek ýyl filmiň 3-njisiniň hem çykjakdygy habarlarda beýan edilýär. 2-nji filmde Jodi Komer, Aaron Teýlor-Jonson, Raýf Faýns, Jäk O’Konnell hem-de oskarly aktýor Killian Mörfi hem surata düşýär. 75 million dollar çykdajy edilen film 20-nji iýundan başlap, ähli kinoteatrlara ýaýradylar.

“How to Train Your Dragon”

“Hollywood”-da ozalky animasiýalary janly filme öwürmek däbi ýokary depginde dowam edýär. Kino muşdaklary bu gezek “Aždarhany nädip eldekileşdirmeli?” atly animasiýanyň janly filmine tomaşa ederler. Din Debluanyň režissýorlyk edýän kinosynda Meýson Tarnes, Jerard Batler, Niko Parker, Nik Frost dagy dürli keşplerde surata düşýär. Film 13-nji iýuna görkeziler.

“F1”

Iki ýyl öň prokatda taryhy başarnyk gazanan “TopGan: Maweriks” filminiň režissýory Ýosef Kosinskiniň täze kinosy “F1” diýlip atlandyrylýar. Dünýä belli awtoulag ýaryşy F1-iň taryhynda bolup geçen pajygaly wakalaryň biriniň beýan edilýän kinosynda Bred Pitt baş keşpde surata düşýär. Damson Idris, Kerri Kondon, Tobias Menzis, Hawier Bardem dagynyň, şol sanda F1-iň häzirki meşhur sürüjileriniň hem öz hakyky keşpleri bilen surata düşen kinosy 25-nji iýunda kinoteatrlara ýaýradylar.

“M3GAN 2.0”

2022-nji ýyldaky 1-nji filmiň dowamy bolan bu ylmy-fantastik görnüşli ekran eserine ýene-de Jerard Jonstoun režissýorlyk edýär. Filmde Allison Williams baş keşpde surata düşýär. Film iýun aýynyň soňky hepdesinde kinoteatlardaky ornuny alar.

“Jurassic World Rebirth”

1990-njy ýyllaryň başlarynda ussat režissýor Stiwen Spilberg tarapyndan başy başlanan “Ýura eýýamynyň seýilgähi” filmleri häzirki wagtda “Ýura eýýamynyň dünýäsi” ady bilen kino sungatyny bezemegini dowam edýär. Umumylykda 7-nji kino bolan “Ýura eýýamynyň dünýäsi: täzeden dogluş” filmi Garet Edwardsyň režissýorlygynda ekranlara çykar. Meşhur ssenariçi Dewid Koeppiň galamyndan çykan ssenari esasyndaky filmde tanymal aktrisa Skarlett Ýohansson, şol sanda oskarly aktýor Maherşala Ali, Jonatan Baili, Rupert Frend dagy dürli keşpleri janlandyrýar. Film 2-nji iýulda ekranlara goýberiler.

“Superman”

“Marvel”-iň esasy bäsdeşi “DC Studios” nobatdaky gezek “Supermen” filmini tomaşaçylara ýetirýär. Jeýms Gann filmiň režissýory bolup, Supermeniň keşbinde Dewid Korenswet çykyş edýär. Raçel Brosnahan, Nikolas Hult, Edi Gategi, Izabela Mersed, Natan Fillion dagy hem beýleki keşplerde surata düşýär. Filmiň görkeziljek wagty 11-nji iýul diýlip kesgitlenilýär.

“The Fantastic Four: First Steps”

“Marvel” studiýasynyň 2025-nji ýyldaky 2-nji kinosy bolan bu ekran eseriniň hem muşdaklary az däl. Mett Şakmanyň režissýorlygyndaky filmiň gahrymanlaryny Pedro Paskal, Wanessa Körbi, Ýosef Kuinn, Ebon Moss-Bahrah, Julia Garner, Jon Malkowiç dagy janlandyrýar. Film 25-nji iýulda prokatlara ýaýradylar.