UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasyna “Barselona” topary mynasyp boldy. 25-nji gezek geçirilen ýaryşyň finaly Norwegiýanyň paýtagty Oslodaky “Ullewaal” stadionynda oýnaldy. Çekeleşikli geçen finalda Ispaniýanyň “Barselona” topary Fransiýanyň “Lion” toparyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyga 24 müň 258 janköýer tomaşa etmäge gatnaşdy.
Ýeke oýunda hem ýeňilmän finala çykan “Barselona” duşuşykda erjel oýun görkezdi. Oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. 2-nji ýarymda, has takygy, 55-nji we 69-njy minutlarda tapawutlanan katalunlaryň polşaly hüjümçisi toparyny 2-0 hasabynda öňe saýlady. Duşuşygyň ahyrynda bolsa Salma Paralýuelo 2 gol geçirmegi başardy. Ol 90-njy minutda hem-de 90+3-nji minutda owadan gollary derwezä girizdi.

Şunlukda, “Barselona” topary soňky 6 ýylda 4-nji gezek Çempionlar Ligasynda ýeňiş gazandy. Katalunýaly zenanlar mundan 2021-nji, 2023-nji hem-de 2024-nji ýyllarda yklymyň iň uly kubogyny asmana göteripdi. “Barselona” topary bassyr 6 ýyldan bäri finala çykyp gelýär. Ispan kluby 2022-nji ýylda “Liondan” 3-1, 2025-nji ýylda “Arsenaldan” 1-0 hasabynda utulypdy. “Barselona” topary ilkinji gezek finalynda 2019-njy ýylda “Liondan” ýeňlipdi. “Barselona” topary 4 gezek çempion bolan “Aýntraht” bilen deňleşdi.
Bu kubogy iň köp eýelän “Lion” (8) topary 2010-njy, 2013-nji hem-de 2024-nji ýyllardan soň 4-nji gezek finalda ýeňlişe sezewar boldy. “Barselonany” finalda 2 gezek ýeňen “Lion” 2-nji sapar hem garşydaşyndan utuldy.
PDF









