Yzy­gi­der­li maşk etmek ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýar

206

Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň bi­rin­de yzy­gi­der­li maşk ed­ýän ze­nan­lar­da par­kin­son ke­se­li­niň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­­gy­nyň has az ga­bat gel­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Pa­riž­dä­ki In­serm yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň alym­la­ry­nyň mun­dan ozal er­kek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ren bar­la­gyn­da sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýan er­kek­ler­de par­kin­son ke­se­li­niň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­­gy­nyň 21 gö­te­rim az­dy­gy anyk­la­nyp­dy. Luk­man­lar sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň ze­nan­la­ra tä­si­ri­ni hem öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len bar­lag ge­çir­di­ler. Bu bar­la­gy ge­çir­mek üçin or­ta­ça ýa­şy 49 bo­lan 95 müň 354 meý­le­tin­çi ze­nan öw­re­nil­di. Işiň ba­şyn­da meý­le­tin­çi­le­riň hiç bi­rin­de par­kin­son ke­se­li ýok­dy. Olar otuz ýyl­lap yzy­gi­der­li bar­lag­dan ge­çi­ril­di­ler. Bar­lag­da ze­nan­lar­dan gü­nüň do­wa­myn­da­ky fi­zi­ki iş­jeň­li­gi ba­ra­da so­ral­dy. Meý­le­tin­çi­le­riň fi­zi­ki iş­jeň­li­gi bäş to­pa­ra bö­lün­di. Ne­ti­je­de, iň köp fi­zi­ki iş­jeň­li­gi bo­lan ze­nan­lar­da par­kin­son ke­se­li­niň ala­mat­la­ry­nyň 25 gö­te­rim az­dy­gy anyk­lan­dy.
Uzak ýyllap do­wam eden işiň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da­ky yl­my ma­ka­la «Neu­ro­lo­gy» žur­na­lyn­da çap edil­di.

Gun­ça DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.