1/8 finalyň duşuşyklary: Braziliýa-Norwegiýa, Meksika-Angliýa, Ispaniýa-Portugaliýa

8

Dünýä Kubogynda 1/16 finalyň oýunlary tamamlanyp, 1/8 finala çykanlaryň ählisi belli boldy. Ýer eýeleriniň 3-si ýaryşy dowam edip, Günorta Amerikanyň 4 topary 1/8 finalda oýnar. Aziýa yklymyndan ýeke topar hem galman, 1/16 finala 9 topary çykan afrikalylaryň diňe 2-si ýaryşy dowam edýär.

Futbolyň iň ösen yklymy Ýewropadan bolsa 7 topary 1/8 finala adyny ýazdyrdy.

1/8 finalyň iň garaşylýan oýunlary Braziliýa – Norwegiýa, Meksika – Angliýa, Portugaliýa – Ispaniýa hem-de Argentina – Müsür duşuşyklary hasaplanýar.

Duşuşyklaryň 4-siniň emini häzirlikçe belli bolup, galan 4 oýnuň emini-de gysga wagtda mälim ediler.

1/8 finalyň oýunlary

4-nji iýul (şenbe, şu agşam)

KANADA – MAROKKO (22:00) – NRG Stadium (Hýuston) – Maýkl Oliwer (Angliýa)

5-nji iýul (ýekşenbe, şu gije)

PARAGWAÝ – FRANSIÝA (02:00) – Lincoln Financial Field (Filadelfiýa) – Ilgiz Tantaşew (Özbegistan)

6-njy iýul (duşenbe)

BRAZILIÝA – NORWEGIÝA (01:00) – MetLife Stadium (Nýu Ýork) – Ismail Elfath (ABŞ)

MEKSIKA – ANGLIÝA (05:00) – Estadio Azteca (Mehiko Siti) – Alireza Fagani (Awstraliýa)

7-nji iýul (sişenbe)

PORTUGALIÝA – ISPANIÝA (00:00) – AT&T Stadium (Dallas)

ABŞ – BELGIÝA (05:00) – Lumen Field (Sietl)

8-nji iýul (çarşenbe)

ARGENTINA – MÜSÜR (21:00) – Mercedes-Benz Stadium (Atlanta)

ŞWEÝSARIÝA – KOLUMBIÝA (01:00) – BC Place (Wankuwer)