Halkara Buker baýragynyň ady üýtgedildi, pul sylagy iki esse artdyryldy

1

«Bukhman Philanthropies» haýyr-sahawat guramasynyň ýakyn on ýylyň dowamynda taslamany maliýeleşdirmegi öz üstüne almagy netijesinde, Halkara Buker baýragynyň ady mundan beýläk «Buhman adyndaky Halkara Buker baýragy» diýlip üýtgedildi. Şunuň bilen baglylykda, ýeňiji üçin göz öňünde tutulan baýrak gory iki esse artdyrylyp, 50 müň funt sterlingden 100 müň funt sterlinge ýetirildi. Mundan başga-da, terjime edebiýatynyň bilelikdäki zähmetiň önümidigini ykrar etmek maksady bilen, gysga sanawa (şort-liste) giren her bir kitap üçin 5 müň funt sterling möçberinde pul sylagy bellenilip, ol awtor bilen terjimeçiniň arasynda deň bölüner.
Taslamany maliýeleşdirýän «Bukhman Philanthropies» gaznasy mobil oýunlaryny öndürýän «Playrix» kompaniýasynyň bilelikde esaslandyryjysy, britaniýaly telekeçi Dmitriý Buhman we onuň ýanýoldaşy Darýa Buhman tarapyndan döredildi. 1985-nji ýylda Russiýanyň Wologda şäherinde dünýä inen, 2016-njy ýylda Ysraýyla, 2020-nji ýylda bolsa Beýik Britaniýa göçen D.Buhman «The Sunday Times» gazetiniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda Beýik Britaniýanyň 40 ýaşa çenli bolan iň baý on raýatynyň hataryna girdi.
Eýýäm 2027-nji ýylyň baýragy boýunça eminler geňeşiniň düzümi hem tassyklanyp, oňa ýazyjy Keti Kitamura ýolbaşçylyk eder. Eminleriň hatarynda terjimeçi Patrik MakGinness, ýazyjy we kinorežissýor Kaleb Azuma Nelson, ýazyjy Olga Rawn hem-de aktrisa we prodýuser Tessa Tompson bar. Eminler topary 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan 2027-nji ýylyň 3-nji apreline çenli döwürde Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada iňlis dilinde neşir edilen çeper eserlere baha bererler. Baýraga dalaşgärleriň uzyn sanawy 2027-nji ýylyň 16-njy martynda, gysga sanawy bolsa 15-nji aprelinde jemlenilip, ýeňijiniň ady şol ýylyň maý aýynda dabaraly ýagdaýda yglan ediler.