Fran­si­ýa­nyň Mýu­luz şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän «Eu­roAir­port Ba­sel-Mul­hou­se-Frei­burg» Halkara ho­wa men­zi­li bir wagt­da üç ýur­da gidip bolýandy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan dün­ýä­niň ýe­ke-täk ae­ro­por­ty­dyr. Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li Şweý­sa­ri­ýa­nyň Ba­zel, Fran­si­ýa­nyň Mýu­luz we Ger­ma­ni­ýa­nyň Fraý­burg şä­her­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki ho­wa men­zi­li ha­sap­lan­ýar. Ba­zel­den 6 ki­lo­metr, Mýu­luz­dan 22 ki­lo­metr we Fraý­burg­dan 70 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän ho­wa men­zi­li­ne ba­ran ýo­lag­çy­lar is­len­dik üç ýur­da gi­rip bil­ýär­ler. Fran­si­ýa­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Şweý­sa­ri­ýa­nyň Ba­zel şä­he­ri­niň güm­rük çä­gi­ne de­giş­li ha­sap­lan­ýan ae­ro­por­tyň sta­tu­sy 1946-njy ýyl­da bu üç ýur­duň ara­syn­da gol çe­ki­len şert­na­ma bi­len kes­git­lenýär. Haý­sy­dyr bir güm­rük ýa-da ser­het çäk­len­dir­me­si bol­maz­dan, üç ýur­duň çä­gin­den hem ho­wa men­zi­li­ne ba­ryp bol­ýar.
Şweý­sa­ri­ýa­nyň 2009-njy ýyl­da Şen­gen şert­na­ma­sy­na go­şul­ma­gy bi­len, Şen­gen we beý­le­ki se­bit­den ge­len ýo­lag­çy­lar üçin aý­ra­tyn­lyk­da düz­gün­leş­di­ril­ýär.
«Eu­roAir­port»-yň ada­ty bol­ma­dyk sta­tu­sy se­bäp­li üç sa­ny IATA (Ho­wa gat­naw­la­ry­nyň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy) ko­dy bar – BSL (Ba­zel), MLH (Mýu­luz) we EAP (Eu­roAir­port). Mä­lim bol­şy ýa­ly, her bir Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne IATA ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän üç harp­ly kod bol­ýar.
1930-njy ýyl­da Şweý­sa­ri­ýa bi­len Fran­si­ýa bi­le­lik­de ho­wa men­zi­li­niň gur­lu­şy­gy­na baş­la­mak baş­lan­gy­jy­ny ýo­la goý­ýar­lar. Ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­sin­de onuň ýe­ri kes­git­le­nip, 1946-njy ýyl­da gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­lan­ýar. Şeý­le­lik­de, Fran­si­ýa­nyň Blot­zaým şä­he­ri­niň 4 ki­lo­metr de­mir­ga­zy­gyn­da 1 müň 200 metr uçuş-go­nuş zo­la­gy bo­lan ho­wa men­zi­li gu­rul­ýar. 1951-53-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ho­wa men­zi­li gi­ňel­dil­ýär we uçuş-go­nuş zo­la­gy­nyň uzyn­ly­gy 1 müň 600 met­re ýe­ti­ril­ýär hem-de «Zollf­reist­ras­se» (güm­rük­süz aw­to­ýol) gu­rul­ýar. Şeý­le­lik­de, Ba­zel­den Fran­si­ýa­nyň ser­het gö­zeg­çi­li­gin­den geç­mez­den ae­ro­por­ta bar­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär.
1960-njy ýyl­da Ba­zel­de sa­la sal­şyk ge­çi­ri­lip, ho­wa men­zi­li­niň çä­gi gi­ňel­dil­ýär. Şon­dan soň­ky ýyl­lar­da ho­wa men­zi­li­niň ter­mi­nal­la­ry we uçuş-go­nuş zo­la­gy has-da uzal­dyl­ýar. 1972-nji ýyl­da de­mir­ga­zyk-gü­nor­ta uçuş-go­nuş zo­la­gy 3 müň 900 met­re çen­li uzal­dyl­ýar. 1984-nji ýyl­da ho­wa men­zi­li­niň ýo­lag­çy­la­ry­nyň sa­ny 1 mil­lio­na ýet­ýär.
1987-nji ýyl­da res­mi ady «Eu­roAir­port Ba­sel-Mul­hou­se-Frei­burg» diý­lip üýt­ge­dil­en howa menziliniň ýo­lag­çy sa­ny 1992-nji ýyl­da 2 mil­lio­na, 1998-nji ýyl­da 3 mil­lio­na ýet­ýär.
2004-nji ýyl­da ar­zan ba­ha­ly hyz­mat hö­dür­le­ýän «Ea­sy­Jet» awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu ýer­de tä­ze mer­kez aç­ma­gy bi­len ýo­lag­çy­la­ry­nyň sa­ny has-da ar­typ, 2006-njy ýyl­da 4 mil­lio­na ýet­ýär. Ae­ro­port­dan yzy­gi­der­li ýo­lag­çy gat­naw­la­ry bi­len bir ha­tar­da sy­ýa­hat­çy­lyk möw­sü­min­de ýörite gatnawla­r hem ýo­la go­ýul­ýar.
Ae­ro­port­da Ger­ma­ni­ýa, Fran­si­ýa we Şweý­sa­ri­ýa çy­kyl­ýan ga­py­lar bar.