Şweýsariýanyň serhetýaka Bazel şäheri taryhy we döwrebap binagärligi bilen tapawutlanýar. Gözel tebigaty bolan şäher Fransiýanyň hem-de Germaniýanyň serhedine gola ýerleşýär. Reýn derýasynyň kenaryndaky şäherde dünýä belli muzeýler bilen bir hatarda sungat galereýalary daşary ýurtly myhmanlary özüne çekýär. Ösen şäheriçi jemgyýetçilik gatnawy ýörite kart alan myhmanlar üçin tölegsizdir. Bu bolsa, syýahatçylaryň şäheriň gözel ýerlerine gezelenç etmekleri üçin has amatlydyr. Derýanyň kenaryndaky botanika baglary arassa howadan dem almak, dürli ösümlikler bilen tanyşmak üçin uly mümkinçilik hödürleýär. Sýurihden we Ženewadan soňra ýurduň üçünji iri şäheri bolan Bazeliň resmi dili nemesçedir. Şäher ýurduň medeni paýtagty hasaplanýar. Ýurduň ilkinji uniwersiteti hasaplanýan Bazel uniwersiteti hem bu şäherde ýerleşýär. Ýokary bilim edarasy 1460-njy ýylda esaslandyrylypdyr.
Nireleri gezmeli? Şäherdäki «Kunstmuseum Basel» muzeýi gadymy döwrebap sungat eserlerine baýdyr. Bazele «muzeýler şäheri» hem diýilýär. «Fondation Beyeler» muzeýi bolsa, sergileriň, gezelençleriň we beýleki tanyşdyrylyş çäreleriniň geçirilmegi bilen tapawutlanýar. «Tengeli» muzeýinde belli şweýsar suratkeşi we heýkeltaraşy Žan Tengeliniň eserleri görkezilýär. Şeýle-de bu muzeýde nusgawy sazlary diňlemäge, ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga hem mümkinçilik döredilýär.
Şäheriň simwoly hasaplanýan Bazel monastyry bolsa, binagärligi bilen haýran galdyrýar. Ýerli häkimiýetiň binasy bolan Rathaus bolsa gadymylygy bilen tapawutlanýar. Binanyň içi heýkeller we kartinalar bilen bezelipdir.
Şäheriň ýene-de bir simwoly bolsa, «Mittlere Brücke» köprüsidir. Bazeldäki köp sanly taryhy binalaryň arasynda ýöräniňde özüňi orta asyrlara baran ýaly duýýarsyň.
Klaýnbazel etrapçasyndaky Klaraplatz köçesi şäherde söwdanyň ösen ýeri hasaplanýar. Bu ýerde söwda merkezleri, bazar, restoranlar we dükanlar bar.

Şäher diňe taryhy desgalary bilen däl, eýsem, döwrebap binalary bilen hem tapawutlanýar. Şäher merkezindäki «Roche Tower» hem-de «Roche Tower 2» binalar özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýanaşyk binalaryň ikinjisiniň beýikligi 205 metr bolup, ýurduň iň beýik binasy hasaplanýar. 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda açylan binada ofis otaglary ýerleşip, şäheriň işewürliginiň merkezi hasaplanýar. 50 gatly binada 3 müň 200 töweregi işgär zähmet çekýär. 2015-nji ýylda gurlan, beýikligi 178 metre ýetýän «Roche Tower» bolsa ýurduň ikinji beýik binasy hasaplanýar.
Şäher merkezinden uzakda bolmadyk «Zoo Basel» atly haýwanat bagy Şweýsariýada döredilen ilkinji haýwanat bagy hasaplanýar. Ol ýerde dünýäniň ähli ýerinden getirilen ýüzlerçe jandar bar. Haýwanat bagynda ýabany durmuşy goramak bilen bagly taslamalar durmuşa geçirilýär.
Şweýsar aşhanasyna degişli tagamlaryň ählisini diýen ýaly bu şäherde dadyp görmek mümkin. Şäheriň myhmanlary dünýä belli şweýsar şokoladlaryny, bally kökeleri dadyp görýärler. Kofe içmegi halaýanlar üçin hem Bazel iň gowy şäherleriň biridir. Sebäbi şäherde iň köp içilýän gyzgyn içimlik kofe hasaplanýar.
Şengen wizasy bilen barylýandygy sebäpli, myhmanlar hiç hili serhet gözegçiliginden geçmezden Fransiýa ýa-da Germaniýa awtobus we otly ýaly jemgyýetçilik ulaglary bilen gidip bilýärler.
Reýn derýasy. Ýewropanyň iri derýalarynyň biri hasaplanýan Reýn derýasy birnäçe şäheri kesip geçýär we käbir ýurtlaryň tebigy serhedini emele getirýär. Demirgazyk deňzine guýýan derýanyň uzynlygy 1 müň 230 kilometre ýetýär. Şweýsariýanyň birnäçe zawodlarydyr önümçilik kärhanalary deňze çykalgasy bolan bu derýanyň kenarynda ýerleşýär. Reýniň ugrunda Germaniýanyň senagat taýdan ösen Dýusseldorf, Köln, Duýsburg ýaly şäherleri ýerleşýär. Şeýle hem derýanyň üsti bilen Niderlandlaryň Rotterdam, Antwerpen we Amsterdam ýaly port şäherlerine baryp bolýar.
PDF









