“Visa” kompaniýasy yklymda durnukly, innowasiýa we ähli ugry öz içine alyjy ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen ýakyn bäş ýylda Afrikada 1 milliard dollar maýa goýmagy maksat edinýändigini mälim etdi. Bu barada “Visa”-nyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Alfred F. Kelli Waşingtonda geçirilen ABŞ-Afrika işewürlik forumynda habar berdi.
Maýa goýumlary täze innowasiýalar we tehnologiýalar arkaly töleg ulgamyny berkitmäge, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyny goldamaga we Afrikada başarnyklary ýokarlandyrmaga, zehinli ýaşlary ýetişdirmäge we mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdiriler.
VISA kompaniýasy, Müsürde, Keniýada, Marokkoda we Günorta Afrikada zenan işewürler üçin maliýeleşdiriş, ýolbaşçylyk we aragatnaşyk mümkinçiliklerini üpjün edýän “Visa She’s Next” global başlangyjyny, şol sanda, maliýe hyzmatdaşlary arkaly zenan hukuklaryny we mümkinçiliklerini goldamak üçin täze meýilnamalary durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda VISA Afrikada 500 million adamyň resmi maliýe hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmejekdigini, uly ýaşly ilatyň 50 göteriminden gowragynyň Afrikada sanly tölegleri amala aşyrandygyny ýa-da alandygyny, 40 milliondan gowrak satyjynyň sanly tölegleri kabul etmeýändigini çaklaýar.