Ri­miň kö­çe­le­rin­de 152 ýyl­dan bä­ri köp­çü­li­gi içim­lik su­wy bi­len üp­jün ed­ýän na­so­ni gid­rant­la­ryň uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da suwunyň ke­sil­män akyp dur­ma­gy bi­len köp­çü­li­gi haý­ran gal­dyr­ýar. Ita­li­ýa­nyň paý­tag­ty­na ge­ze­len­je bar­ýan sy­ýa­hat­çy­lar şä­he­riň kö­çe­le­rin­den ýö­räp bar­ýar­ka, ço­ýun tur­ba­dan akyp du­ran suw­dan içip bil­ýär­ler. Ko­li­zeý ýa­dy­gär­li­gi­niň we Tre­wi suw çüw­dü­rim­ler top­lu­my­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­lan Rim şä­he­ri­niň äh­li kö­çe­sin­de ga­bat gel­ýän na­so­ni­ler XIX asyr­da şä­her ila­ty­ny mugt suw bi­len üp­jün et­mek üçin iş­le­nip dü­zü­lip­dir.
Ta­ry­hy
Şä­her gur­lu­şy­gy diý­len­de, il­kin­ji ýa­dy­ňa düş­ýän ýer­le­riň bi­ri bo­lan Rim­de 1874-nji ýyl­da ila­ty aras­sa agyz suwy bi­len mugt üp­jün et­mek üçin tas­la­ma iş­le­nip dü­zül­ýär. Şä­her hä­ki­mi­niň we ge­ňeş ag­za­la­ry­nyň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, şol ýyl Ri­miň şä­her mer­ke­zin­de we kö­çe­le­rin­de ila­ty agyz su­wy bi­len üp­jün et­jek ul­ga­myň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­ýar. Şä­her­de gid­rant­la­ryň gu­rul­ma­gy­nyň esa­sy mak­sa­dy jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny we aras­sa­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mekden hem-de şä­he­riň suw paý­la­ýyş ul­ga­my­na düş­ýän ýü­ki ýe­ňil­leş­dir­mek­den yba­rat bo­lup­dyr. Suw gid­rant­la­ry üçin be­ýik­li­gi 120 san­ti­metr, ag­ra­my 100 ki­log­ram bo­lan ço­ýun sü­tün­ler taý­ýar­la­nyl­ýar. Agyr sü­tün­le­riň üç ýe­rin­den suw ak­ýan krant otur­dyl­ýar. Wag­tyň geç­me­gi bi­len suw ak­ýan en­jam­da­ky «üç kel­le­li až­dar­ha» meň­zeş tur­ba­lar aý­ry­lyp, or­nu­na ýe­ke­je eg­ri tur­ba otur­dyl­ýar. Da­şyn­dan se­re­de­niň­de ada­myň bur­nu­na meň­ze­ýän eg­ri tur­ba­ly suw en­ja­my­na ital­ýan di­lin­de «uly bu­run» diý­me­gi aň­lad­ýan «na­so­ni» ady be­ril­ýär.
Rim şä­he­rin­de, tak­my­nan, 2800 – 3000 ara­ly­gyn­da na­so­ni bar. Bu ço­ýun tur­ba­la­ryň 200-si ta­ry­hy meý­dan­ça­lar­da we kö­ne şä­her se­bi­tin­de ýer­leş­ýär. Hä­zir­ki wagt­da «uly bu­run­la­ryň» ýe­ri­ni mo­bil prog­ram­ma­lar ar­ka­ly hem ta­pyp bol­ýar. Bu bol­sa, şä­her ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we sy­ýa­hat­çy­la­ryň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýär. 152 ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan na­so­ni suw çüw­dü­rim­le­ri rim­li­ler üçin uly gym­mat­lyk ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi ço­ýun tur­ba­dan ak­ýan suw Rim­de ýa­şa­ýan her bir ada­myň içim­lik su­wu­na bo­lan hu­ku­gy­nyň bar­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Na­so­ni­ler­den gi­je-gün­diz suw akyp dur­ýar. Şä­he­riň umu­my agyz su­wu­nyň 1 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýän bu su­wuň ar­tyk­ma­jy la­gy­ma go­şul­ýar we gaý­ta­dan iş­le­nil­ýär. Na­so­ni­den ak­ýan suw bi­len öý­le­re be­ril­ýän içim­lik su­wu­ň çeş­me­si bir bo­lup, kö­çe­den suw iç­mek adam sag­ly­gy­na zy­ýan ýe­tir­me­ýär. Bur­na meň­zeş tur­ba­dan akyp du­ran suw yzy­gi­der­li hil gö­zeg­çi­li­gin­den ge­çi­ril­ýär.