«Go­og­le»-da iň köp duş gel­ýän duý­du­ryş­la­ryň bi­ri bo­lan 404 ýal­ňyş­ly­gy­nyň nä­me ma­ny aň­lad­ýan­dy­gy we ni­re­den ge­lip çy­kan­dy­gy köp­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýan bol­sa ge­rek. Eý­sem, her gün mil­li­on­lar­ça ada­myň ek­ran­la­ryn­da ýü­ze çy­kan me­se­lä­ni gör­kez­ýän 404 ko­dy nä­dip peý­da bol­dy?!
In­ter­ne­tiň döredilen il­kin­ji gün­le­rin­de köp­çü­li­giň ara­syn­da şeý­le gür­rüň ýaý­ra­dy. Gür­rü­ňe gö­rä, Bü­tin­dün­ýä to­ru­nyň dö­re­di­len ýe­ri bo­lan Şweý­sa­ri­ýa­da­ky CERN la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da 404 bel­gi­li syr­ly otag bar­dy. In­že­ner­ler göz­leg mag­lu­mat­la­ry­na jo­gap be­ril­me­dik ma­ha­ly in­ter­ne­tiň ýü­re­gi ha­sap­lan­ýan bu otag­da­ky ser­wer­le­re «404-nji otag: Faýl ta­pyl­ma­dy» di­ýen aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ha­ba­ry iber­ýär­di­ler.
In­ter­ne­tiň syr­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ýyl­lar­bo­ýy gür­rüňi edi­len 404-nji otag ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar we dü­şün­je­ler as­lyn­da ýok zat. In­ter­ne­tiň ar­hi­tek­tor­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bel­gi­ýa­ly in­že­ner Ro­bert Ka­ýo hä­zir­ki za­man be­ýa­na­ty bi­len bu gürrüňe soň­ky no­ka­dy goý­dy. Ka­ýo­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, CERN-iň des­ga­la­ryn­da hiç ha­çan 404 bel­gi­li otag we ser­wer bol­man­dyr. Şeý­le hem şol wagt­ky la­bo­ra­to­ri­ýa­da­ky bel­gi­le­me ul­ga­my 400-e ýet­män­dir.
Şweý­sa­ri­ýa­da­ky syr­ly ofis ro­wa­ýa­ty bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýan bu san, as­lyn­da in­že­ner­çi­lik lo­gi­ka­sy­na esas­lan­ýar. 1990-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­da in­ter­net res­mi­na­ma­la­ry iş­le­ni­lip dü­zü­len­de, ul­ga­myň ýag­da­ýy­ny to­par­la­ra paý­la­mak üçin (klas­si­fi­ka­si­ýa)
3 bel­gi­li san­lar saý­la­nyp alyn­dy. Bu ul­gam­la­ýyn gur­lu­şa gö­rä, 4-lik bel­gi bi­len baş­la­ýan kod­lar gö­nü­den-gö­ni ula­ny­jy­da ýü­ze çy­kan me­se­lä­ni gör­kez­ýär­di. Berk düz­gün­leş­di­ri­len bu ma­te­ma­tik ul­gam­da 400 «Zy­ýan­ly ta­lap», 401 «Rug­sat be­ril­me­dik, tas­syk­lan­ma­dyk», 402 «Nä­dog­ry tö­leg», 403 «Ga­da­gan edi­len» diý­me­gi aň­lad­ýar. 404 ýal­ňyş­ly­gy bol­sa «Ta­pyl­ma­dy» ma­ny­sy­na eýe bo­lup, in­ter­net­de göz­len­ýän faýl (su­rat ýa-da sa­hy­pa) bü­tin­dün­ýä to­run­da öň goý­lup, öçü­ri­len ýa-da baş­ga ýe­re gö­çü­ri­len ha­la­tyn­da, sal­gy ýal­ňyş ýa­zy­lan­da, bag­la­ny­şyk bol­ma­dyk ha­la­tyn­da ek­ran­da peý­da bol­ýar.