10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 108,3 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 116 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 118,5 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nebiti we tebigy gazy çykarmak, olary harytlyk derejesine getirmek, daşarky bazarlara ýerlemek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmegiň, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz topluma degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
PDF









