Elektron enjamlary öndürmegi bilen tanalýan «Lenovo» kompaniýasy senagat desgalarynda ulanmak maksady bilen 6 aýakly robot işläp taýýarlandygyny mälim etdi. Şu ýyl tanyşdyryljak «Daystar Bot GS» atly bu enjam «Boston Dynamics» kompaniýasynyň «Spot» atly ite meňzeş robotyna meňzeýär. Emma «Spot»-dan tapawutlylykda onuň 4 däl-de, 6 aýagy bar. Mälim bolşy ýaly, «Spot» atly roboty dürlüçe programmalaşdyrmak arkaly birnäçe işi ýerine ýetirmekde peýdalanyp bolýar. «Lenovo» mundan ozal – 2020-nji ýylda «Daystar» atly roboty işläp taýýarlady. Bu robot şu ýyl «IF Design» atly baýraga mynasyp boldy. Täze robotyň deňagramlylygy saklamaga we çeýe hereketleri ýerine ýetirmäge ökdedigi mälim edildi.
Hojaberdi JEPBAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









