ABŞ-da 6G tehnologiýasynyň durmuşa geçirilmegi üçin işe girişildi. Ýurduň häkimiýetleriniň 6G torlaryny işläp taýýarlamak üçin bu ugurda iş alyp barýan edara-kärhanalaryň, tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we alymlar bilen maslahat edendigi mälim edildi. Metbugata berlen maglumatda 6G tehnologiýasy üçin işe girişilendigi, aragatnaşygyň täze nesliniň netijeliliginiň, elýeterliliginiň we howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň maksat edinilýändigi bellenildi.
Häzirki wagtda dünýäde 6G tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga täzelikde girişilip, entek halk köpçüligine ýetirilmegi üçin birnäçe ýyl gerek bolar. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda dünýäde doly ýaýramadyk 5G aragatnaşygynyň has ýokary tizlikli maglumat geçirmäge mümkinçilik berjekdigi bellenilýär.
Aýmyrat ÝAZDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









