Germaniýanyň çempionatynda 23-nji tapgyra badalga berlip, sanawyň ýeňlişsiz lideri “Baýer” hem bu derejesini saklady, hem-de täze rekord goýdy. Öz meýdançasynda “Maýns” toparyny kabul eden lewerkuzenliler 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Oýnuň eýýäm 3-nji minutynda ýer eýeleri Džakanyň goly bilen öňe saýlandy. Ýöne “Maýns” toparynyň hem jogaby gijikmedi. 8-nji minutda Koruň goly bilen hasap deňlendi. Duşuşygyň 68-nji minutynda-da Andrih “Baýere” ýeňiş getiren goly derwezä girizdi. Şunlukda, “Baýer” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdi. Lewerkuzen şäheriniň wekili 33 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Habi Alonsonyň şägirtleri bu ugurda “Bawariýanyň” 32 oýunlyk rekordyny täzelemegi başardy. “Bawariýa” 2019–20-nji ýyllarda ähli ýaryşlarda 32 oýunlap ýeňilmändi. “Baýer” topary soňky gezek geçen ýylyň maý aýynda “Bohumdan” 3-0 asgyn gelipdi.
Çempionatda 2-nji ýerdäki “Bawariýadan” 1 oýny artyk 11 utuk öňde barýan “Baýer” taryhyndaky ilkinji çempionlygynyň bosagasynda dur.