Türkiýeli arheologlar ýurduň Konýa welaýatynyň Çatalhöýük diýen ýerinden neolit zamanyna degişli bir döwüm çörek tapdylar. Dünýäniň iň gadymy iýmiti hökmünde baha berlen bu çöregiň ýaşy 8600-e deň diýlip kesgitlenildi. Bu barada “MIR 24” habar berýär.
Gadymy şäherde gülläp ösen döwründe sekiz müň töweregi ilat ýaşapdyr. Olar pagsadan gurlan jaýlaryň üçegindäki ötükden girip-çykypdyrlar.
Arheologlar gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ol ýerden köne küre tapdylar. Onuň gapdalyndan bugdaý, arpa we nohut dänelerini, hem-de öýjük-öýjük önümi ýüze çykardylar. Geçirilen barlaglarda onuň miladydan öňki 6600-nji ýylda bişirilen çörekdigi anyklandy. Onuň ýüzüni palçyk tutmagy sebäpli abat saklanyp galypdyr.
“Bilermenler bu tapyndynyň dünýäniň iň gadymy çöregidigini belleýärler. Ony döwüp görenlerinde heniz hem krahmalyň saklanyp galandygy belli boldy” diýip, “Arkeonews” neşiri habar berýär.