Türkmenistanda köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamynyň, täze awtomobil, howa, demir ýol merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu ugurda baý tejribe toplan daşary ýurtly hyzmatdaşlar we belli kompaniýalar bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň ägirt uly geljegi uzak menzilleri nazarlaýar. Merkezi Aziýany sebit ähmiýetli iri üstaşyr geçiriş çatrygyna öwürmek boýunça uly möçberli işler amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän milli ulag kanunçylyk ulgamy döredildi. Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksi, Türkmenistanyň Howa kodeksi, «Demir ýol ulaglary hakynda», «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda», «Awtomobil ulag hakynda», «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda», «Ulag howpsuzlygy hakynda», «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary barada» Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Bu bolsa Türkmenistanda ulag kanunçylygynyň halkara ülňülerine laýyklykda kämilleşdirilýändigini aýdyň görkezýär.
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi, tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy. Şeýle-de, halkara resminama laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.
Dünýäniň ulag giňişligine goşulyşmak, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmak, iri logistik merkezini döretmek ulag ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Durnukly ösüşi üpjün etmekde, döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary, dost-doganlyk gatnaşyklary has-da ösdürmekde ulag-üstaşyr geçelgeleri möhüm orny eýeleýär. Ýewraziýanyň giňişliklerini gurşap alýan Günorta we Günorta–Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Aziýa, Ýuwaş umman sebitlerine çykýan ulag ýollaryny Hazar deňziniň, Gara deňziniň we Baltika deňziniň terminallaryny ulag-logistika hyzmatlary babatda utgaşdyrmakda döwletimiziň giň mümkinçilikleri bardyr. Şol mümkinçilikleri umumadamzat bähbitlerine gönükdirmek bilen, halkara ähmiýetli başlangyçlar öňe sürülýär.
Türkmenistanyň Ýewropa-Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesi (TRASEKA) Ylalaşygyna goşulmagy Ýewropa, Kawkaz, Gara deňiz we Hazar deňzi sebitlerinde, Aziýa yklymynda ykdysady hyzmatdaşlygy, söwda, ulag ugurly gatnaşyklary ösdürmekde, harytlaryň halkara gatnawyny işjeňleşdirmekde hem-de ýeňilleşdirmekde, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag syýasatyny sazlaşdyrmakda, ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekde möhüm orny eýelär.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen howa ulaglary awiasiýa ulgamynda hem görnetin ösüşler gazanylýar. Täze açylýan howa gatnawlary boýunça halkymyza hyzmat etmegiň hili ýokarlanýar hem-de gerimi barha giňeýär. Bu ugurda berkarar döwletimizden dünýäniň dürli künjeklerine howa ýollaryň ugurlarynyň artmagy halkara hyzmatdaşlygynyň hem ösdürilmegine ýardam etmekde ähmiýetlidir. Paýtagtymyzdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäherine, şeýle hem Italiýanyň Milan şäherine ilkinji gezek ýola goýlan täze howa gatnawlary döwletara gatnaşyklaryna uly itergi berýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň aýrylmaz düzüm bölegidir. Içerki we halkara gatnawlarynda ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda raýat awiasiýasyna möhüm orun berilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän degişli maksatnamalar innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inžener-tehniki pikirleri hem-de iň oňat dünýä tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.
Bägül ANNANEPESOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.