Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini dünýäde belende göteren nusgawy şahyrdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde ýakynda geçirilen duşuşykdaky çykyşynda: «Biz Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan etdik. Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy adamlaryň kalbynda mynasyp orun aldy. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen ýa-da türki halklarynyň däl, eýsem, tutuş gündogar halklarynyň hem medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşup, umumadamzat edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi» diýip jaýdar belleýär.
Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ruhy ahwalyny, isleg-arzuwyny, ýürek sedasyny tutuş dünýä aýan edýär. Söz ussadynyň döredijiligine içgin aralaşdygyňça, taryhy ýolumyza, ata-babalarymyzyň durmuş baradaky garaýyşlaryna, ýörelgelerine has düýpli göz ýetirmek mümkin. Bilşimiz ýaly, beýik söz ussady öz ýaşan döwründe il-güni agzybirlige çagyryp, bir bitewi döwlet gurmagy arzuwlapdyr. Onuň eserleriniň bir bölegi-de agzybirlige, dost-doganlyga, parahat döwlet gurmaga ýugrulan şygyrlardan ybarat bolup, kalplarda müdimilik ýaşap gelýär. Parahatçylyga, jebislige, watansöýüjilige uly sarpa goýýan halkymyz hem beýik şahyrymyzyň bu çagyryşyny ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edýär. Magtymguly Pyragynyň bu arzuwlary biziň ajaýyp döwrümizde – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl boldy.
Al-Faraby, Mahmyt Zamahşary, Muhammet al-Horezmi, Omar Haýýam ýaly Gündogaryň beýik danalarynyň mekdebini geçen Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ilkinji nobatda, köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Dana şahyrymyz şygyrlarynyň üsti bilen ynsanlara asylly, sabyrly, zähmetsöýer, sylaşykly, bir sözli, mert bolmaklygyň, adamkärçiligiň beýik aýratynlygydygyny ündäpdir.
Bu gün Magtymguly Pyragynyň hormaty, mertebesi diňe gündogar halklarynda däl, eýsem, tutuş dünýäde belent tutulýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen şahyryň golýazmalaryny öwrenmek, edebi-ruhy mirasyny toplamak, ömri we döredijiligine degişli ylmy işleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilmegi we söýlüp okalmagy beýik söz ussadynyň şahyrana dünýäsiniň tutuş adamzada hyzmat etmeginde giň mümkinçilikleri döredýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndylary dünýäniň köp ýerinde saklanýar. Türkmen alymlarynyň Nýu-Delidäki Hindistan Milli muzeýiniň, Rampurdaky Raza kitaphanasynyň, Bangiýa Sahitýa Parişat edebiýat jemgyýetiniň we Kalkuttadaky Aziýa jemgyýetiniň golýazmalar hem kitap gaznalaryny içgin öwrenmegi netijesinde, türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen baglanyşykly 69 golýazma ýüze çykarylyp, olaryň elektron nusgalary Türkmenistana getirildi. Magtymguly Pyragynyň we beýleki görnükli türkmen şahsyýetleriniň döredijilik mirasy, türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti barada gymmatly ylmy maglumat berýän bu çeşmeleriň köpüsi ozal bilinmeýän eserlerdir.
Magtymguly Pyragy ýurtlary, ülkeleri aşyp, ençeme halklaryň, milletleriň durmuşy bilen tanşypdyr. Ol bolan syýahatlarynda dana, pähimdar, parasatly kişiler bilen görşüp, pikir alşypdyr we dürli eserleri döredipdir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024–2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi akyldar şahyrymyza bolan sarpanyň näderejede beýikdiginden nyşandyr.
Gurbangül MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.