UEFA Ýewropa Ligasynda 1/8 finalda tapgyryň iň özboluşly duşuşygy “Baýer” bilen “Garabagyň” arasyndaky duşuşyklar boldy. Toparçalarda-da gabatlaşan 2 klubuň 1/8 finaldaky oýunlary diýseň çekeleşikli geçdi. Bir hepde öň Azerbaýjanda 90-njy minutdan soň Patrik Şikiň goly bilen hasaby deňläp, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdiren “Baýer” öz meýdançasynda-da oýnuň ahyrlarynda ýeňiş gazandy. “Garabag” topary jogap duşuşygynda Zubiriň 58-nji hem-de Juninionyň 67-nji minutlarynda geçiren gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne 63-nji minutda Elwin Jafarkuliýewiň alan gyzyl karty myhmanlary kyn ýagdaýa saldy. 72-nji minutda Frimpong tapawutlanyp, aratapawudy 1 gola düşürdi. Oýnuň 90+3-nji minutynda ýene-de Patrik Şik hasaby deňläp, ol 90+8-nji minutda “Baýere” hem ýeňiş getirdi, hem-de ýeňlişsiz diýlen derejesini goramagyna sebäp boldy. Şunlukda, 5-4 hasabynda ýeňiş gazanan Baýer çärýek finala çykdy.