Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine
Garaşsyz, hemişelik Türkmenistanyň her bir güni halkymyza bagtyýarlyk şuglasyny saçýar. Agzybirligi baýdak edip geçilen menzilleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji
ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyny goşalandyrdy.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň biridir. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin Hökümet agzalaryndan ybarat döwlet toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplary bildirmek bilen, onuň döwrebap derejede kämilleşmegi we işiniň netijeliliginiň artdyrylmagy, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitleri goramak ukybynyň bolmagy, düýpli ylmy-tejribe binýadynyň döredilmegi we bu esasda ussat hünärmenleriň mynasyp nesliniň taýýarlanylmagy baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanyň giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ileri tutulýan strategik ugurlar boýunça durmuşa geçirilýär. Olar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylmak bilen, ilkinji nobatda, beýleki döwletler hem-de halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar.
«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizi iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmek ýaly möhüm maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Konsepsiýada öňde goýlan wezipeler esasynda dünýäde parahatçylyk söýüjilik diplomatiýasyny alyp barýan ýurdumyz halkara derejede dostluk we ynanyşmak ýörelgelerini üpjün etmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýan, netijeli, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolan döwlet hökmünde çykyş etmek bilen, dünýäde oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmen döwletiniň öňe sürýän başlangyçlarynyň, teklipleriniň düýp özeninde şol maksatlar durýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň asyrlardan aşyp gelýän hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny görkezýär.
Taryh üçin gysga döwürde türkmen Bitaraplygy dünýäde şeýle belent ykrarnama eýe bolup, Aşgabat sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkeze, türkmen döwleti abadançylygyň goragçysyna, äleme abadançylyk nuruny çaýýan döwlete öwrüldi. Dürli dawa-jenjelleriň parahatçylykly ýollar bilen çözülmegi ugrunda tagallalar edýän ýurdumyz möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär, «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» taglymatlaryny yzygiderli ilerledýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni», 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky başlangyçlaryna, köpugurly tagallalaryna örän uly ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek äşgär etdi.
Bagtyýar ALLOWOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.